Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2068226
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Milli goranmak ministrligi: 1927 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň Metbugatdan we jemgyýetçilik gatnaşyklardan jogapkär geňşçisi admiral Zeki Aktürküň düýn mintrlikdäki “Metbugat brifinginde terrorizme garşy göreşiň üznüksiz dowam edýandigini nygtap; “Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen bilelikde 59 sanysy soňky bir hepdede, 1-nji ýanwardan bäri 1927 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “MHG PKK-nyň Siriýadaky ýaraglanmadan jogapkär ýolbaşçysy diýilýän adamyna operasiýa gurady” söz başyly habarynda, Siriýada terror guramasy PKK/PÝD tarapyndan howpsuzlyk güýçlerine guralýan hüjümlerde peýdalanylýan ýaraglardan jogapkär bolan guramanyň agyr ýaraglardan hem-de goranyş senagatdan jogapkär adamy Haýri Serhat kodly Fahrettin Tolunyň Milli howpsuzlyk guramasynyň geçiren operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türk deňiz güýçlerinde “ZAHA” ilkinji gezek ulanyldy” söz başyly habarynda, Türk deňiz güýçleriniň guran “Gündogar Ortaýer deňzi-2023 türgünleşiginiň” dowam edýändigini ýazýar. Antalýa aýlagynda guralan türgenleşikde ssenarä laýyklykda amala aşyrylan halas ediş operasiýasynda hem deňizde hem-de gury ýerde hereket edýän ýerli Sowutly amfibiýa hüjüm ulagyny ilkinji gezek ulanyldy.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe: ÝUNESKO-nuýň Dünýä mirasy sanawynyň agzalygyna saýlandy” söz başyly habarynda,

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň Türkiýäniň “ÝUNESKO-nuň Dünýä mirasy sanawynyň” agzalygyna saýlanandygyny beýan edendigini ýazýar. Ersoý sosial media hasabyndan düýn beren habarnamasynda “Ýurdumyz Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen “Tarap ýurtlaryň 24-nji sessiýasynda” geçirilen sese goýulşykda komitete agzalyga saýlandy” diýip ýazdy.

“Haber Türk” gazeti “Gündogar Gara deňizden 10 aýda 133,2 million dollarlyk türk gyzylbalygy eksport edildi” söz başyly habarynda, Gündohar Gara deňiz sebitinden ýylyň 10 aýyndaky türk gyzylbalygynyň eksportunyň geçen ýylyň degişli döwri billen deňeşdirilende 44 göterim ýokarlap, 133,2 million dollara ýetendigini mälim edýär. Türk gyzylbalygy esasanda Russiýa Federasiýasyna eksport edildi.



Degişli Habarlar