Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2062729
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Günbatar ejizlik edýär” söz başyly habarnda, Prezident R.T.Erdoganyň günbatara Gazada gyrgynçylyk edýän Ysraýyla hüjümleri bes etmäge çagyrmaýandygy üçin reaksiýa bildirendigini ýazýar. Erdogan: “Ýankyt etmek beýlede dursun, hüjümleri bes etmäge çağyryp bilmejek derejede ejizlediler. Gurhany ýakanlara göz ýumýanlar Palestinanyň baýdagyny hem görmek islemeýärler” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe we Eýran Gaza üçin bilelikde ýüzlenme berdiler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana baran Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen duşuşandygyny mälim edýär. duşuşykda Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri sebäpli başdan geçirilýän gumanitar pajyga we onuň çözülmegi üçin edilmeli başlangyçlar hakynda pikir alyşyldy. Erdogan, musulman dünýäsiniň Ysraýyla edilýän gysyşy artdyrmalydygyny beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “Blumberg: Gaza meselesini çözmegiň açary Türkiýe” söz başyly habarynda, Gazadaky gumanitar pajyga günsaýyn agyrlaşýarka merkezi Amerikada ýerleşýän “Blumberg” neşriniň üns çekiji analiz berendigini ýazýar. “Gaza meselesini çözmegiň açary Türkiýe” garaýyşyny beýan eden “Blumberg” ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň dessine Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmelidigini ýazdy.

“Star” gazeti “Türkiýe we Gresiýa gepleşiklere başlaýar” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky pozitiw gün tertibinin depgininiň ýokarlandygyny ýazýar. Türk we grek harby wekiliýetleri 4-nji gezek duşuşmak üçin taýýarlyk görýärler. Türkiýe bilen Gresiýanyň wekiliýetleriniň arasyndaky 4-nji tapgyr harby Ynamy berkidiji çäreler maslahaty 13-nji noýabrda Ankarada geçiriler.

“Sabah” gazeti “Merkezi bankyň ätiýaçlary güýçlenýär” söz başyly habarynda, Türkiýe Merkezi bankynyň jemi ätiýaçlary hakyndaky görkezijileriň çap edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ätiýaçlar 1,8 milliard dollar artyp, 128,4 millliard dollara barabar boldy.



Degişli Habarlar