Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2058645
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Ysraýyl gumanitar jenaýat edýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda; “7-nji oktýabrdan bäri gazaly doganlarymyza wagşyçylyk edilýär. ABŞ-nyň we Ýewropanyň şertsiz goldawyny alýan Ysraýyl gumanitar jenaýat edýär. Gazaly doganlarymyza sowgat edilen dostluk hassahanasyna Ysraýyl güýçleri tarapyndan hüjüm edildi. Ysraýylyň barbarlygynyň soňky gurbany boldy” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Gepatit A sanjymy ýurdumyzda öndüriler” söz başyly habarnda, Prezident R.T.Erdoganyň paýtagt Ankarada “Keý Wak” sanjym zawodunyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde; “Entek ençeme ýurt tarapyndan import edilýän gepatit b sanjymy indi dünýä ülňülerine laýyklykda ýurdumyzda hem öndüriler. Şeýlelikde Türkiýe bu sanjymy iň ýokary standartlarda öndüren 4-nji ýurt bolar” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “28 welaýatda “Gahrymanlar operasiýasy” söz başyly habarynda, Içeri işler ministrliginiň utgaşdyrmagynda Žandarm serkerdeliginiň saýlama toparlarynyň “Gahrymanlar operasiýasynyň” çäginde 28 welaýatda terror guramasy PKK-nyň gyş aýlarynda peýdalanmak üçin taýýarlan gowaklaryny hem-de gaçybatalgalaryny hatardan çykarandygyny mälim edýär. Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa; “Terrorizme garşy göreşimiz soňky terrorçy ýok edilýänçä egilşiksiz dowam eder” diýdi.

“Star” gazeti “Türk sowutlysy dost ýurtlarda öndüriler” söz başyly habarynda, türk goranyş senagatynyň önümlerinden biri bolan “Ežder Ýalçyn 4x4” tekerli ulagynyň “Gidran” ady bilen Wengriýada öndüriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Daşary ýurtly syýahatçylar Aýasofýa tölegli girer” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň ÝUNESKO-nyň maslahatyna laýyklykda 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlajak meýilnama görä daşary ýurtly syýahatçylaryň Aýasofýa tölegli girjekdigini aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar