Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2052322
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Wagşyçylygy togtatmak üçin bütin adamzat herekete geçmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň hassahana guran hüjümi hakynda; “İçinde çagalaryň, zenanlaryň, bigünä ilatyň bejergi alýan hassahanasyny bombalamak Ysraýylyň iň esasy adamkärçilik gymmatlyklaryndan mahrum hüjümleriniň soňky mysalydyr. Gazzada ýaşaýažn we taryhda görülip-eşidilmedik wagşyçylygy togtatmak üçin bütin adamzady herekete geçmäge çagyrýaryn” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Fidan Ysraýyla berk duýduryş berdi: Munuň ady ogurlykdyr” söz başyly habarynda, Ysraýylyň hüjümlerine berk reaksiýa bildiren Daşary işler ministri Hakan Fidanyň; “Biriniň ýerini basyp alýaňyz. Öýüni elinden alýaňyz, daşary kowýaňyz, başga birini getirip şol ýere ornaşdyrýaňyz, “ýaşaýjy” diýýäňiz. Onuň ady ogurlykdyr” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Çeligiň Ysraýylyň guralmagy ähtimal guryýer operasiýasyna garşylygy” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretary Ömer Çeligiň Ysraýylyň Gaza guramagy ähtimal guryýer operasiýasynyň müňlerçe bigünä çaganyň we zenanlaryň ölümi bilen gutarjak pajyga we adamzat utanjyna sebäp boljakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Şahika Erjümeniň Hataýdaky dünýä rekordy” söz başyly habarynda, türk milli türgeni Şahika Erjümeniň Respublikanyň 100 ýyllygyna bağyşlanyp Hataý welaýatynda geçiren synagynda “paletasyz üýtgewli agram” kateforiýasynda Lena Baltanyň goýan 105 metrlik dünýä rekorduny 106 metr bilen geçendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Awiasiýasynyň ýüregi Stambulda urýar” söz başyly habarynda, global awiasiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýolbaşçylarynyň Stambul howa menzilinde geçirilen “Rut Maslahatynda” jemlenşendigini mälim edýär. 600-e golaý howa menzili kompaniýasy we 1200-den gowrak gatnaşyjy maslahatda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar