Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibinin ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2024517
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministrliginiň Ermenistana açyk ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Azerbaýcan bilen Laçyn ýoly meselesinde düşnüşip bilmeýäň Ermenistan boýunça ýüzlenme çap edendigini ýazýar. Ýüzlenmede; “Ermenistandan meçew berici başlangyçlardan çetde durup, Azerbaýcanyň territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny ykrar etmegi” diýilýär.

“Star” gazeti “91,4 million dollarlyk türk gyzyl balygy eksport edildi” söz başyly habarynda, Gündogar Gara Deňiz sebitinden ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda edilen türk gyzyl balygynyň eksportunyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 97, göterim ýokarlap, 91,4 million dollara barabar bolandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bosniýadan Möwlana geçdi” söz başyly habarynda TRT-niň digital platformasy “Tabiide” ýaýlyma berilýän “Möwlana Celaleddin Rumy” serialynyň dünýä premýerasynyň 29-ncy Saraýewo kino-film festiwalynyň çäginde geçirilendigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Robbi Uilliam Türkiýede ilkinci konsertini berer” söz başyly habarynda, iňlis aýdymçysy we kompozitör Robbi Uilliamyň 17-nci awgustda Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda konsert bercekdigini, konsertiň peteklerinin 17,600 liradan satuwa çykarylandygyny mälim edýär.

 “Haber Türk gazeti “Taryhy Olba şäherinde zenan heýkeli we 2 friz bölegi tapyldy” söz başyly habarynda, eleniştik döwrüň esasy merkezlerinden biri bolan Mersin welaýatynyň Silifke etrabyndaky taryhy Olba şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde biziň eýýamymyzyn 2-nci aşyryna degişlidigi çaklanylýan zenan heýkelinin we üstünde mifologik sahnalar bolan 2 friz böleginiň tapylandygyny okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 



Degişli Habarlar