Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 1

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2013139
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 1

“Sabah” gazeti, “Türkiýe bilen Katar diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygy belläp geçýär” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň Katara guraýan resmi saparynyň çäginde, Türkiýe bilen Kataryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygy mynasibetli bilelikdäki jarnamanyň kabul edilendigini ýazýar.

Jarnamada Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky güýçli gatnaşyklara we arkalaşyga üns çekildi. Jarnamada özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy maksady bilen 100 şertnama baglaşylandygy nygtaldy.

“Haber Türk” gazeti, “Ýurdumyz we türk inženerli üçin uly buýsanç” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salmana, Türkiýäniň ýerli awtoulagy Toggyň sowgat edilmegi barada sosial mediadan beren habarnamasynda, “Jenap Prezidentimiz tarapyndan sowgat edilen Toggy, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazagasy Jenap Muhammed bin Salman sürdi. Jenap bin Salmanyň, Togg hakyndaky öwgüli sözleri ýurdumyz we türk inženeleri üçin uly buýsanç” diýýen sözlerine ýer berýär.

“Star” gazeti “ “Baýraktar Akynjy” Saud Arabystanynyň asmanynda uçar” söz başyly habarynda, “Baýkar” bilen Saud Arabystanynyň Goranmak ministrliginiň arasynda “Baýraktar Akynjy” uçarmansyz howa hüjüm ulagynyň eksporty hem-de hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylandygyny ýazýar.   “Baýraktar Akynjy” uçarmansyz howa hüjüm ulaglary Saud Arabystany Şalygynyň harby howa we deňiz güýçleri serkerderliginiň inwentaryna goşular.

“Ýeni Şafak” gazeti “Saud Arabystanyna rekord eksport” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Saud Arabystanyna ýylyň birinji ýarymynda haly pudagynda eden eksportunyň 1 milliard dollara barabar bolandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe bilen Britaniýanyň arasynda erkin söwda gepleşikleri başlady” söz başyly habarynda, Söwda ministrliginiň Türkiýe bilen Birtaniýanyň söwda hyzmatdaşlygyna üýtgetme girizip, giň gerimli Erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin gepleşiklere başlanandygyny habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär.



Degişli Habarlar