Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2007649
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “Erdogandan möhüm telefon söhbetdeşligi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Liderler telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar, Şwesiýanyň NATO agzalygy, Ýewropada Gurahana garşy guralýan hüjümler bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

“Star” gazeti “Yslama garşy hüjümler Ýewropada epidemiýa öwrüldi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň yslama guralýan hüjümleriň Ýewropada hamala diýersiňiz epidemiýa öwrülendigini aýdandygyny ýazýar. Fidan; “Milliardlarça adamyň mukaddes kitaby Gurhany ýakmak we söz azatlygy tutarygy astynda bu aksiýa rugsat bermek, milliardlarça adamy aça-açan äsgermezçilikdir” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “ÝB-niň Türkiýe hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär Komissary Oliwer Warhelýiniň bar bolan kynçylyklara garamazdan ÝB-niň Türkiýe bilen strategik gatnaşyklar açmaga dowam etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny beýan edip; “Umumy eşretli gelejek we durnuklylyk üçin biziň arkalaşygymyz zerur” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Katonuň aşagy nebit deňizi” söz başyly habarynda, ekstremist terror guramasy PKK-dan saplanan Şyrnak welaýatyndaky Kato dagynda nebit ätiýajynyň Judidäki we Gabardakydan has köp diýip, çaklanylýandygyny mälim edýär. Türkiýe Nebitleri kärhanasynyň sebit boýunça müdiri Oguz Şahin; “Kato dagynyň aşagy nebit deňizi” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ispanlaryň üns merkezinde Arda Güler bar” söz başyly habarynda, Ispaniýanyň Real Madrid sport klubynyň Fenerbahçäniň ýaş futbolçysy Arda Güleri öz düzüminde oýnamaga razy edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Real Madridiň 18 ýaşly türk futbolçysyny Barselonanyň elinden almagy ispan metbugatynda giň seslenme döretdi.



Degişli Habarlar