Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1991023
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “ANKA-nyň 100 million dollarlyk eksport üstünligi” söz başyly habarynda, Türk awiasiýa we kosmos senagaty edarasy “TUSAŞ-yň” Malaýziýa 1000 million dollara barabar 3 sany ANKA (uçarmansyz howa ulagynyň) ulgamyny eksport etjekdigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ministr Dönmez: Ýewropada 5-nji, dünýäde 12-nji orunda” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmezin gaýtadan işlenýän energiýa pudagy hakynda; “Biz Ýewropada 5-nji, dünýäde 12-nji orunda durýarys. Häzirki wagtda bar bolan önümçilik güýjümiziň 55 göterimi gaýtadan işlenýä energiýadan ybarat” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Eýranyň üns çekiji “tebigy gaz” beýanaty” söz başyly habarynda, Eýranyň milli tebigy gaz kompaniýasynyň Baş müdiri Mejid Çegeniniň  ýurdunyň Ýewropa tebigy gaz eksport eden halatynda, ony Türkiýäniň üstaşyr amala aşyrjakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Mawy baýdakly plýažlaryň sany 551-e ýetdi” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň beýan etmegine görä Halkara mawy baýdak emin agza topary tarapyndan 2023-nji ýylyň Mawy baýdak baýraklarynyň yglan edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şuňa laýyklykda Türkiýede 551 plýaž, 23 marina, 14 syýahatçylyk gämisi we 10 şahsy ýahtada mawy baýdak pasyrdar.

“Haber Türk” gazeti “Türk baly 4 aýda 13,5 million dollar gazandyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýanwar-aprel aýlarynyň aralygynda edilen bal eksportunyň 13,5 million dollara barabar bolandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar