Türk metbugaynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1970624
Türk metbugaynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti, “Prezident Erdogan Ysraýyla garşylyk görkezdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň düýn beren beýannamasynda, Ysraýylly esgerleriň Aksa metjisine guran operasiýasy hakynda durup geçendigini ýazýar.

Erdogan “Türkiýe hüjümlere degişli gaýtawuly görkezer. Aksa medijine operasiýa guralmagyny kabul etmeris” diýdi.

“Sabah”gazeti, “Türkiýe howa giňişligini ýapdy” söz başyly habarynda, Yragyň Süleýmaniýe şäherinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň öz işini dowam etdirmegi we howa menziline ornaşmagy sebäpli Türkiýäniň howa giňişligini ýapandygyny habar berýär.

Kabul edilen karar bilen Süleýmaniýe şäherine uçan uçarlaryň Türkiýeden geçmegi gadagan edildi.

“Hürriýet gazeti “Ministr Çawuşoglundan Şwesiýa ýüzlenme” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň, düýn NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň beren beýannamasynda, Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde möhüm ýüzlenme berendigini ýazýar.

Mewlüt Çawuşoglu, “Açyk aýdyň ýagdaýda PKK-nyň propagandasy alnyp barylýan. Şwesiýanyň bu tutumyndan ýüz öwürmegine we terrorçylary yzyna bermegine garaşýarys” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “İçeri işler ministrligi: 80 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, İçeri işler ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde mart aýynda guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy bilen birlikde 80 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigine üns çekilendigini belleýär.

“Haber Türk” gazeti, “Rus kosmonawtAntalýanyň emeli hemra arkaly alynan foto suratlaryna ýer berdi” söz başyly habarynda, rus kosmonanwt Oleg Artemýew, sosial mediadan beren habarnamasynda “owadan şäher” ýüzlenmesi bilen Antalýanyň emeli hemra arkaly alynan foto suratlaryna ýer berendigini nygtaýar.



Degişli Habarlar