Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1967134
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdoganyň Şwesiýanyň NATO agzalygy hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda; “Käbir garaşýan netijelerimiz bar, ýerine ýetirilmegi möhüm” diýen sözlerini çap edýär. Türkiýe 28-nji iýunda İspaniýanyň paýtagty Madritde geçirilen NATO-nuň sammitinde agzalyk üçin ýüz tutan Finlýandiýany we Şwesiýany weto edýär. Terror guramalaryny aç-açan goldaýan iki ýurt bilen protokola gol goýan Ankara, berilen sözleriň iş ýüzüne geçmegine garaşýar.

“Watan” gazeti “Wengriýa TANAP tebigy gazy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň  Trans Anadoly tebigy gaz göterijisinden Wengriýa tebigy gaz berilmegi boýunça Azerbaýjan bilen bilelikde ähli goldawy bermäghe taýýardyklaryny aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Germaniýada “Togg” geň galmasy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli awtoulagy “Togguň” T10x modelini almak üçin hukuk gazanan 20 müň raýatyň sanawynyň belli bolandygyny mälim edýär. 20 müň adama 2023-nji ýylda T10x modeli gowşurylar. Beýleki tarapdan “Togg” nemes metbugatynyň ünsüni çekýär. Germaniýada çap edilýän “FAZ” gazeti “Türk “Teslasy” “Togga” uly isleg bar” diýip ýazdy.

“Sabah” gazeti “Ýer titremelerde ýitgi çekenler üçin gurulýan jaýlar gurulmaga dowam edýär” söz başyly habarynda, asyryň tebigy betbagtçylygynda ýykylan ýa-da agyr zeper ýeten öýleriň ýokary depginde gurulýandygyny ýazýar. Gaziantep welaýatynyň Nurdagy etreabynyň 7 obasynda Daşky gurşaw we şähergurluşyk ministrliginiň utgaşdyrmagynda gurulýan öýleriň gutaryp barýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Global söwda gatnawynyň täze ugry” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Yragyň arasynda geçen hepde gol çekişilen Ankara jarnamasy bilen yglan edilen Galkynyş ýolunyň dünýäniň söwda gatnaşygynda täze bir alternatiw boljakdygyna ünsleri çekýär. Täze ugur Hindi okeýanyndan deňiz ýoly bilen Pars aýlağyna gelen harytlary Türkiýäniň üstaşyr Ortaýer denizine ýetirer.

 



Degişli Habarlar