Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1949645
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Kynçylyklaryň hötdesinden geleris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýer titremelerden zyýan çeken Osmaniýe we Gaziantep welaýatlaryna guran iş saparynda, bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanýandyklaryny nygtap; “Şäher merkezlerimizi bolşy ýaly obalarymyzy hem bir ýylyň dowamynda dikeltmegi maksat edinýäris. İzmirdäki ýer titremede İzmiri nähili dikeldip, abadanlaşdyran bolsak, bu hökümet indi 11 welaýatymyzda bu kynçylyklary gyssagly çözer” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Akar: 20 müň siriýaly ýurtlaryna dolandy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň asyryň tebigy betbagtçylygyndan soň Türkiýä Siriýadan bosgunlaryň gelýändigi hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini nygtap; “Bir taraply häsýetde Türkiýeden Siriýa, öýlerine we ýurtlaryna dolanan siriýaly raýatlar bar. Häzirki wagtda şol sany 20 müňden geçdi” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “BMG Türkiýä we Siriýa berilýän kömekleriň depgininiň güýçlendirilmegini isleýär” söz başyly habarynda, BMG-niň, agza ýurtlary ýer titremelerden soň Türkiýe we Siriýa üçin başladylan ynsanperwer kömek kampaniýalaryna gatnaşygyň depginini hasam güýçlendirmäge çagyrandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Bütindünýä söwda guramasynda Türkiýede ýer titremelerde pida bolanlar üçin hormatly dymyşlyk edildi” söz başyly habarynda, Bütindünýä söwda guramasynyň resmi däl Sessiýasynda Türkiýedäki ýer titremelerde pida bolanlar üçin hormatly dymyşlyk edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dokuz welaýatda nebit gözlener” söz başyly habarynda, “Resmi” gazetde çap edilen karara görä Türkiýe Nebitleri paýdarlar jemgyýetine Diýarbakyr, Şanlyurfa, Bingöl, Elazyg, Antalýa, Adyýaman, Gaziantep, Kilis we Kahramanmaraş welaýatlarynda 15 giňişlikde nebit gözleg işlerini alyp barmak üçin rugsat berilendigini ýazýar.



Degişli Habarlar