Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1940376
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Çawuşoglynyň Şwesiýa hakyndaky beýanaty: “Kabul” etmegimiz mümkin däl” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda, şol ýurt borçlaryny berjaý eden halatynda degişli netijäniň çykaryljakdygyny beýane dip; “Emma, häzirki wagtda, bu şertlerde Şwesiýanyň NATO agzalygyny “kabul” etmegimiz mümkin däl” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Nemes gazeti “Bildiň” ykrarnamasy: Türkiýe Germaniýadan öňe geçdi, biziň ýerimizi alýarlar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ukraina-Russiýa söweşinde alyp barýan parahatçylyk diplomatiýasynyň we global derejedäki eksport güýjüniň analiz edilýändigini ýazýar. Germaniýada çap edilýän “Bild” gazeti Türkiýe hakyndaky makalasynda Türkiýäniň Russiýa bilen bolan eksport we import gatnaşyklaryny soňky bir ýylyň dowamynda iki esse ýokarlandyrandygyny, şeýlelikde Türkiýäniň Germaniýanyň tagtyny elinden alandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Halkara pul gaznasy Türkiýe üçin ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, Halkara pul gaznasynyň Türkiýe üçin 2023-nji ýyl ösüş çaklamasyny 5 göterim hökmünde beýan eden bolsa, ony 5,5 göterime çykarandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türk goşuny lazer gönükdirmeli “CİRİT” raketasy bilen urdy” söz başyly habarynda, Kars welaýatynda agyr howa şertlerinde dowam edýän “Gyş Türgenleşigi-2023-iň” atyş synagynda esgerleriň lazer gönükdirmeli “CİRİT” raketasy bilen nyşanalary gyşarnyksyz urandygyny okyjy kopçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Rekord üssüne rekord” söz başyly habarynda, Ýewropadaky howa menzillerinin arasynda kabul eden ýolagçy sany we uçuş taýdan soňky üç ýylda birinj orny eýeleýän we 2022-nji ýyly birinjilik bilen tamamlan Stambul howa menzilinin ýanwar aýynyn 4-nji hepdesinde-de günlük 1,229 uçuş bilen birinji orny elden bermändigini mälim edýär.



Degişli Habarlar