Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1939884
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Peskow: Putiniň we Erdoganyň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn häsýetdäki ynama esaslanýar" söz başyly habarynda, Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan aýratyn gatnaşyklara eýedir. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn häsýetdäki ynama, hormada we öz üstlerine alýan jogapkärçiliklere esaslanýar" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Hürriýet gazedi: "Çawuşoglynyň Finlýandiýa bilen bagly beýannamasy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk tapgyrlary bilen bagly: "Mesele başymyzdan geçirýän bir ýurt bilen has az mesele başymyzdan geçirýän ýurduň arasynda tapawut goýmak has adalatly bir çemeleşme bolar. Biz Türkiye hökmünde NATO we şol ýurtlar şolar ýaly karar kabul etseler, ony aýry-aýry netijelendirip biljekdigimizi pikir edýäris. Prezidentimiz hem Finlýandiýa babatynda Şwesiýadan garaşsyz bir netijelendirmämiz bolup diýip aýdypdy" diýendigini habar berýär. 

Star gazedi: "Kanada bermeýärdi, Türkiye özi öndürdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň goranmak senagatyndaky embargo göçümine jogabyny ýerli ulgam bilen berendigini mälim edýär. Ozal Kanadadan getirilýän we embargo bilen çäklendirilen Dikuçar tutmak we geçirmek ulgamy ilkinji gezek ýerli we milli görnüşde özgerdildi. Ulgam ilkinji wezipesine milli fregat gämisi TJG Stambul bilen başlar. 

Sabah gazedi: "Fatih gämisi buraw işlerine başlady" söz başyly habarynda, Fatih buraw gämisiniň Sakarýa gaz ýatagyndaky Amasra-2 guýusynda buraw işlerine başlandygyny beýan edýär. 

Haber Türk gazedi: "Ýewropada ilkinjilere Sakarýadaky fabrikde goşular" söz başyly habarynda, Toýota kärhanasynyň zarýad berilýän gibrid modeli Täze C-HR ulagynyň, dünýäde ilkinji gezek Türkiyede Sakarýada öndüriljekdigini habar berýär. Türkiyedäki Toýota Awtoulag senagaty kärhanasy şol bir wagtda Toýota Ýewropa desgalarynyň arasynda ilkinji batareýa we zarýad berilip bilinýän awtoulag öndürýän fabrik bolar. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar