Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibinin ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1935400
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: 2023-nji ýyly taryha şan-şöhrat we buýsanç bilen ýazdyrarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Amasýa Badal” tuneliniň açylyş dabarasynda “Geçmişde öz çökgünsizliklerinde gark bolýan ýurtduk. İndi global çökgünlikleri çözýän ýurda öwrüldik. Ençeme taslamamyzyň, zähmetimiziň netijelerini aljak ýylymyz bolan 2023-i taryha şan-şöhrat we buýsanç bilen ýazdyrarys” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Bodnar: ÝEsir çalşygy Türkiýäniň üsti bilen edilip bilner” söz başyly habarynda, Ukrainanyň Türkiýedäki İlçisi Wasyl Bodnaryň Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde Ukraina bilen Russiýanyň arasynda gumanitar geçelgäniň açyljakdygyny pikir edýändigini nygtap; “Ukrainada ruslardan 200 adam bar, Rusiýada bolsa 800 ukrainaly ýesir bar. Gerek bolan halatynda Türkiýäniň üsti bilen şol çalşyklar ediler” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Amerikanyň “The Hill” gazeti Türkiýäniň global güýçlerden biridigini ýazdy” söz başyly habarynda, Amerikanyň “The Hill” gazetinde çap edilen makalada ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmelidigini ýazandygyny mälim edýär. Makalada Türkiýänň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweş boýunça alyp barýan syýasaty sebäpli global güýje öwrülendigi nygtalýar.

“Star” gazeti “Bize diňe Türkiýe düşüner” söz başyly habarynda, Bosniýa-Gersegowinanyň Ministrler geňeşiniň Başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Bisera Turkowiçiň; “Meniň pikirimçe Bosniýa-Gersegowina, esasanda Balkanlara düşünýän bir ýurt bar bolsa, onuň Türkiýedigine garaşalyň” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “İGA dünýäniň iň amatly aragatnaşygy üpjün edýän howa menzillerinden ikinjisi boldy” söz başyly habarynda, kabul eden ýolagçy sany taýdan soňky üç ýylda Ýewropada birinji orunda durýan İGA Stambul howa menziliniň 309 destinasiýa berýän aragatnaşyk mümkinçiligi bilen dünýäniň iň amatly arabaglanşyga eý ebolan howa menzilleriniň hatarynda üçünji orny eýeländigini ýazýar.



Degişli Habarlar