Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň orun tutýar.

1934781
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdoganyň “14-nji maý” boýunça ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn paýtagt Anakrada beren beýannamasynda halk deputatlarynyň we prezidentiň saýlawlarynyň 14-nji maýda geçiriljekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Ministr Çawuşogly ABŞ-na çürt-kesik ýüzlenme” söz başyly habarynda, Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýe-ABŞ Strategik mehanizminiň ministrleriň derejesindäki 2-nji maslahatynyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Waşingtonda duşuşandygyny mälim edýär. Ministr Çawuşogly özara duşuşykdan soň; “F-16 uçarlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we täze F-16 uçarlarynyň aluwy gün tertibiniň esasy ugurlary boldy. Amerikan hökümeti güýçli pozisiýa eýelese, F-16 meselesi çözüler” diýip, beýanat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Enjam eksporty rekord goýdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň enjam eksportunyň 2022-nji ýylda 9,6 göterim ýokarlap, 25,3 milliard dollara ýetendigini we ähli döwürleriň ýyllyk rekorduny goýandygyny mälim edýär. Enjam eksportunda Germaniýa birinji orunda durýar.

“Watan” gazeti “Ýewropadan we Russiýadan syýahatçylar dynç alyş üçin Türkiýä gelýär” söz başyly habarynda, syýahatçylyk merkezi Antalýanyň 2023-nji ýyldan garaşýanlary hakynda beýanat beren Hünärmen myhmanhana dolandyryjylary jemgyýetiniň Başlygy Ülkaý Atmajanyň; “2023-nji ýyla gowy başladyk. İlkinji 15 günüň görkezijileri ýokary. 100 müňden gowrak syýahatçy geldi. Esasanda Ýewropadan we Russiýadan gelýärler” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar