Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1932021
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe ylmyň, tehnologiýanyň, önümçiligiň merkezlerinden birine öwrüldi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň edilen başlangyçlar bilen Türkiýäniň ylmyň, tehnologiýanyň, önümçiligiň merkezlerinden birine öwrülendigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan, bar bolan şertleri we serişdeleri bütin adamzadyň ulanmagyna hödürleýän düşünje bilen hyzmat etjekdiklerini nygtady.

“Hürriýet” gazeti “Ýene Şwesiýa, ýene masgaraçylyk” söz başyly habarynda, Şwesiýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň ýaranlarynyň meçew beriji aksiýa gurap, Prezident Erdogana we Türkiýä garşy ýöriş geçirendigini ýazýar. Türk syýasatçylary wakany ýazgaryp, NATO goşulmak isleýän Şwesiýadan terrorizme garşy göreş boýunça beren wadalarynda tapylmagyny hem-de jogapkärlere degişli çäräniň görülmegini isledi.

“Sabah” gazeti “Şwesiýanyň İlçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrligine çagyrylan Şwesiýanyň Türkiýedäki İlçisi Staffan Gerrstrýoma Türkiýäniň aksiýany guranlaryň anyklanyp, degişli çäreleriň görülmegine hem-de Şwesiýanyň wadalaryny ýerine ýetirmegine garaşylýandygyň beýan edilendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Mejlisiň Başlygy Şentopuň Şwesiýa hakyndaky karary” söz başyly habarynda, Stokgolmda terror guramasy PKK/PÝD-niň Prezident Erdogana we Türkiýä garşy guran terror aksiýasyndan soň Şwesiýanyň Mejlisiniň Başlygy Andreas Norleniň 17-nji ýanwarda Türkiýä guramagy meýilleşdirilýän resmi saparynyň Mejlisiň Başlygy Şentop tarapyndan bes edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Star” gazeti “Liwiýa Türkiýe bilen ylalaşygyna wepaly bolmagynda galar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşowlunyň Liwiýanyň hökümetiniň uglewodorod çeşmeleri hakyndaky ylalaşygyň arkasynda durýandygyny Türkiýä habar berendigini adaýdandygyny ýazýar. Tripoliniň Orbitraž kazyýeti Liwiýanyň hökümeti bilen resmi Ankaranyň arasynda nebit we tebigy gaz gözleg işleri boýunça gol çekişilen ylalaşygy bes edipd. Türkiýe Liwiýada  huntaçy Haftaryň dolanşygyny däl, eýsem BMG tarapyndan ykrar edilýän Liwiýanyň Milli jebislik hökümetini ykrar edýär.



Degişli Habarlar