Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1923997
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Gara deňizde täze tebigy gaz käni tapyldy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň Gara deňizde 58 milliard kub metrlik täze tebigy gaz käniniň tapylandygyny buşlandygyny ýazýar.

Erdogan, Gara deňizdäki gaz ätiýajynyň 710 milliard kub metre ýetendigini, şol gazyň halkara bazarlardaky gymmatynyň 1 trillion dollara barabardygyny ýatlatdy.

“Star” gazeti, “Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolak gurlar” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň eden çykyşynda aýdan sözlerine ýer berýär.

Geljek ýyl howpsyzlyk meselesinde terrory dolulygyna täsirsiz ýagdaýa getirmek we günorta serhedini terrordan saplamak üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini nygtan Erdogan “Esasan Siriýadan ýurdumyza abanýan howpy dolulygyna ortadan aýrymak üçin 30 kilometrlik howpsyzlyk zolagymyzyň döredilmegi üçin täze başlangyçlar ederis” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan 3 ýyl ozal duýduryş beripdi” söz başyly habarynda, Fransiýanyň paýtagty Parižde üç adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň başdan geçirlen wakalarda PKK-nyň tarapdarlary köp sanly ulagy oda berdi. Wakalarda köp sanly adam hem ýaralandy. Prezident Erdogan, 2019-njy ýylda eden çykyşynda terrora goldaw berýän ýurtlara “Terrora goldaw bermekden ýüz öwüriň. Terror diýilýän ýylan ertirki günde size hem çakar” diýip duýduryş beripdi.

“Sabah” gazeti, “Fransiýanyň ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erwe Margonyň Daşary işler ministrligine çagyrlandygyny mälim edýär.

Fransiýanyň ilçisine, PKK/PÝD/ÝPG-niň tarapdarlarynyň Türkiýä garşy başladan garalama propagandasynyň we fransuz hökümetiniň ýolbaşçylary bilen käbir syýasatçylaryň şol propaganda goldaw bermekleriniň Türkiýäni biynjalyk edýändigi aýdyldy.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Saud Arabystanyndan Türkiýä 3,3 trillion dollarlyk maýa goýum” söz başyly habarynda, Saud Arabystanly 100-den gowrak firmanyň ýolbaşçysynyň maýa goýum maksady bilen Türkiýä gelendigini ýazýar.

Iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklar maýa goýuma we söwda gatnaşyklaryna oňyn täsirini ýetirýär.

Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Halid bin Abdulaziz Al Falih, 2030-njy ýyla çenli Türkiýede 3,3 trillion dollarlyk maýa goýmagy maksat edinýändiklerine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar