Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1919570
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Germaniýa terror guramalarynyň gaçybatalgasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň agdarlyşyk maksatnamalaryna garşy Germaniýada ýüze çykan düşünjä iň gowy düşünjek ýurduň Türkiýedigini, emma şol düşünjäni Germaniýada görmändiklerini aýdandygyny ýazýar. Erdogan “Germaniýa terror guramalarynyň Ýewropadaky esasy gaçybatalgasy” diýdi.

“Watan” gazeti “Erdogan: Borrelliň maksatnamasy puja çykdy” söz başyl habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan jogapkär Ýokary wekili Žozep Borrelliň Türkiýäniň Russiýa goýulan sanksiýalary ýerine ýetirmelidigi hakyndaky beýanatyna reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Ýewropanyň alýan gallasynyň 44 göteriminiň Gara deňiziň üstaşyr Türkiýäniň tagallasy bilen gelýändiginine ünsi çeken Erdogan, Russiýanyň we Türkiýäniň gallany yzagalak ýurtlara tölegsiz bermek hakyndaky meýilnamasynyň Borrelliň meýilnamasyny bozandygyny beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşogly Belgiýa PKK sebäpli reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Belgiýanyň Daşary işler ministri Hadža Lahbib bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda PKK-nyň Belgiýada geçiren aksiýalaryna ünsi çekip; “İlçihanamyzyň öňünde terror ýolbaşçysynyň suratlaryny göterip, aksiýa geçirildi. DAEŞ nähili Belgiýada esgilerini göterip bilmeýän bolsa, PKK hem götermesin. Sizden garaşýan tamamyz, Belgiýada PKK-nyň bölümlerine garşy çäre görmegiňiz we olara garşy göreşmegiňiz” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Putin: Türkiýäniň tebigy gaz infrastrukturasy uly potensiala eýe” söz başyly habarynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň “Türkiýäniň tebigy gaz infrastrukturasy uly potensiala eýe. Açyljak tebigy gaz merkezinde satuw üçin elektron platforma geljekki aýlaryň dowamynda gurlar” diýen sözlerini çap edýär. Putin ýewropaly sarp edijiler üçin tebigy gazyň nyrhynyň esasanda Türkiýedäki merkezde kesgitlenjekdigini nygtady.

“Star” gazeti “Gyzylalma dünýäniň gün tertibinde” söz başyly habarynda, türk awiasiýa taryhynyň mähek daşlaryndan biri bolan Türkiýäniň ilkinji uçarmansyz harby uçary “Baýraktar Gyzylalmanyň” ilkinji uçuşynyň dünýä metbugatynda giň seslenme döredendigini ýazýar. ABŞ-dan Hytaýa, Müsürden Gresiýa ençeme ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu wakany okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirdi.



Degişli Habarlar