Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1907742
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Indoneziýada bize uly kanagatlanma bildirildi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Indoneziýada geçirilen G20-niň Maslahatynyň mejlisinde energetika we saglygy goraýyş ugurlary boýunça Türkiýäniň eden başlangyçlaryna uly kanagatlanma bildirilendigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Russiýa bilen Ukrainanň arasyndaky ýesi çalşygy we galla eksporty boýunça eden başlangyçlarymyzyň dünýä liderlerinde kanagatlanma döredendigini hem gördük” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Gara deňiz galla ylalaşygynyň möhleti ýene-de 120 gün uzaldyldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň 2022-nji ýylyň 19-njy noýabryndan başlap 120 gün möhlet bilen uzaldy” diýen sözlerini çap edýar. Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagy hakynda “Stambul umydyň merkezi bolmagynda galýar” diýdi.

“Star” gazeti” Türkiýe Şwesiýadan we Finlýandiýadan beren sözünde durmagyna garaşýar” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň NATO agzalyk üçin ýüz tutan Finlýandiýadan we Şwesiýadan Türkiýäniň howpsuzlyk boýunça aladalaryna düşünmeklerine we Madritde kabul edilen başlangyçlary etmeklerine garaşýandyklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Akar Şwesiýanyň Premýer-ministriniň we Daşary işler ministriniň ÝPG/PÝD-niň PKK bilen organiki, hiýerarhiki we maliýe taýdan arabaglanşyklydygy hakyndaky beýanatynyň kanagatlandyryjydygyny, şeýle beýanata Finlýandiýanyň hökümetinden hem garaşýandyklaryny mälim etdi.

“Sabah” gazeti “Stambul ýewropaly bäsdeşlerinden öňe geçdi” söz başyly habarynda, pandemiýadan soň uly ösüş edip, ýylyň ahyryna çenli 50 million syýahatçy, 44 milliard dollarlyk girdeji almagy maksat edinen türk syýahatçylyk pudagynyň maslahatlar syýahatçylygynda hem ösüş edendigini, 2021-nji ýylda Amsterdam, Rim, Stolgolm ýaly ýewropaly bäsdeşlerinden öňe geçen Stambulyň, maslahatlar syýahatçylygynda dünýäde 12-nji orny eýeländigini ýazýar. Şu ýyl 42 sany halkara maslahata ýer eýeçiligini eden Stambulyň 1-2 ýylyň dowamynda birinji 10-luga girmegine garaşylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Stambul-Sofiýa Ekspresi 2023-nji ýylyň iň gowy syýahatçylyk ugurlaryndan biri” söz başyly habarynda, çap eden 150 milliondan gowrak kitaby bilen syýahatçylyk neşirýatynyň dünýä liderlerinden biri bolan “Lioneli Planet” firmasynyň 2023-nji ýylda ediljek iň gowy syýahatlaryň sanawyny çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Firma ýyllyk iň gowularyň sanawyndaky 30 syýahatçylyk merkezini “ýolagçylyk, iýmitlenme, öwrenmek, rahatlanmak we söýmeklik” hökmünde 5 ugur boýunça kesgitledi. Firma şolaryň hatarynda Stambul-Sofiýa Ekspresini hem görkezýär.



Degişli Habarlar