Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1877205
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Russiýa ýeňil-ýelpaý ýurt däl” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň serb kärdeşi Aleksandr Wujiç bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Russiýanyň ýeňil-ýelpaý ýurt bolmandygyny beýan edip, “Russiýa göwniýetmezçilik edýänlere aýdýaryn: ýalňyşýaňyz. Russiýa ýeňil-ýelpaý ýurt däl. Näme boldy? Russiýa tebigy gazy kesdi, nyrhlar Ýewropada göterildi. İndi hemmeler gyşy nähili geçireris diýip pikirlenýär. Bulary öňünden pikirlenmeli. Russiýa, hemmelere özüne hüjüm edeni üçin elindäki şertlerden, ýaraglaryndan peýdalanar” diýdi.

“Star” gazeti “Wujiç: Geljek ýyl Türkiyeden alarys” söz başyly habarynda, goranyş senagaty boýunça Prezident ERdogan bilen pikir alyşandyklaryny beýan edip; Türkiyeden geljek ýyl ýaragly uçarmansyz howa ulagyny almak üçin işe girişeris” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Putin: Türkiye töwellaçy bolmadyk bolsady, galla kynçylyk çekýänlere ýetirilmezdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde gazanylan galla ylalaşygy boýunça beren beýanatynda; “Türkiye töwellaçy ýurt bolmadyk bolsady, galla kynçylyk çekýän ýurtlara däl, eýsem Ýewropa ýurtlaryna giderdi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ýewropada haos, Türkiýäniň howa menzillerinde eşret bar” söz başyly habarnda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglynyň pandemiýada awiasiýa pudagynda berilen goldawyň netijelerini alýandyklaryny beýan edip; “Ýewropada haos, Türkiýäniň howa menzillerinde eşret bar” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “2023-nji ýylda Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sany artar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň howasy, tebigy gözellikleri we deňiz syýahatçylygy bilen daşary ýurtlularyň gelim-gidimli ýerlerinden bolmagynda galýandygyna ünsleri çekýär. Syhahatçylaryň destinasiýa saýlap alýarka gelýän ýurtlarynyň başynda durýan Türkiýe 2023-nji ýylda 50 millon syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar