Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1869337
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Ysraýyl bilen täze döwür” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň Premýer-ministri Ýair Lapid bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny ýazýar. Ikitaraply ilçileri bellemek hakyndaky karara ünsi çeken Prezident R.T.Erdogan, täze ilçileriň bellenmegi üçin degişli başlangyçlary gysga möhletde etjekdiklerini aýtdy.

“Star” gazeti “Türkiye ähli taraplar bilen dialogy bolan ýurt” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Fransiýanyň paýtagty Parižde “BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň özgerdilmegi” atly ylmy-amaly maslahat geçirendigini mälim edýär. Maslahatda çykyş eden Halkara syýasatlar merkeziniň Türkiýedäki bölüminiň utgaşdyryjysy Waleria Giannotanyň “Türkiye ýaly beýgelýän güýjüň pozisiýasy ýene-de bir gezek pikir edilmeli. Ýurduň diplomatik tagallasy we geografik ýerleşişi saýasynda Türkiye ähli taraplar bilen dialogy bolan ýurt” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Abdülhamid Han gämisi burawlaýyş işlerine başlady” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisi Abdülhamid Han gämisiniň Gündogar Ortaýer deňizinde Ýörükler-1 guýusynda burawlaýyş işlerine başlandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Burawlaýyş gämisi Prezident R.T.Erdoganyň gatnaşmagyndaky dabara bilen 9-njy awgustda Ýörükler-1 guýusyna ugradylypdy.

“Hürriýet” gazeti “Nemes metbugatynda türk ÝUHU-lary hakynda öwgüli sözler çap edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň harby senagaty boýunça analiz makala çap eden Germaniýanyň “Fokus” internte sahypasynyň “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulaglary üçin “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen bilelikde dünýädäli ähli müşderilere ylham berýär” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Malaziýanyň Şasynyň aýaly Kappadokiýada ýaşamak isleýär” söz başyly habarynda, Prezidentiň R.T.Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Ankara gelen Malaýziýanyň Şasy Sultan Abdullah Riaýatuddin Al-Mustafa Billah Şahyň aýaly Tunku Azizahyň Kappadokiýany gezip görendigini mälim edýär. Kappadokiýa haýran galan Azizah “Men Kappadokiýany şeýle göresim gelýärdi. Gaýadan oýulan ýer alyp, bärde ýaşamak isleýärin” diýdi.



Degişli Habarlar