Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1866438
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogandan söwdada we goranyş senagatynda hyzmatdaşlyk ýüzlenmesi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor bilen geçiren metbugat ýygnagynda, goranyş senagaty we söwda boýunça hyzmatdaşlyk ýüzlenmesini berip: "Ikitaraplaýyn söwda kuwwadymyz geçen ýyl 2,3 milliard dollara ýetdi. Hakyky mümkinçiliklerimizi doly görkezmeýän bu görkezijini artdyrmagy maksat edinýäris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Haber Türk gazedi: "Çawuşogly: PKK, FETÖ we beýleki terror guramalarynyň propogandalaryna garşy göreş alyp barýarys" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler Mewlüt Çawuşoglynyň 13-nji Ilçiler konferensiýasynda ilçilere ýüzlenip eden çykyşynda: "Hem PKK hem FETÖ hem-de beýleki terror guramalarynyň propogandalaryna we ýurdumyza garşy edilýän aýyplamalara garşy göreş alyp barýarys" diýendigini habar berýär. 

Sabah gazedi: "Abdülhamid Han dünýäniň gün tertibinde" söz başyly habarynda, Türkiýäniň 4-nji buraw gämisi we dünýäniň iň uly 5-nji buraw gämisi bolan Abdülhamid Han gämisiniň dabara bilen işe başlandygyny mälim edýär. Gresiýa başda bolmak bilen dünýäniň ençeme ýurdunyň tomaşa eden dabarada Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Hukuklarymyzy goramak üçin gerek bolan mahaly dişe diş bermekden çekinmedik, mundan soň hem çekinmeris" sözbaşysy bilen berilen bolsa Gresiýanyň hökümediniň metbugat sekretary "Hüşgär bolmalydyrys" diýip belledi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýäniň ilkinji sürüjisiz deňiz ulagynyň dowamly önümçiligine başlandy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji sürüjisiz deňiz ulagy 11 metr uzynlygyndaky ULAQ-yň prototipiniň synaglardaky we türgenleşiklerdäki üstünliklerinden soň, käbir ýurtlardan talaplar bildirilmäge başlanandygyny we ýylda 50 sanysynyň öndürilmegi üçin işe girişilendigini mälim edýär. 

Star gazedi: "Deňagramlylyklary üýtgetjek göçüm: Ankarada ýer bölünip berildi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muşyň, çip önümçiliginiň haýallan döwründe awtoulag we kompýuter önümçilginiň hem haýallandygyny belläp: "Çip önümçiligi üçin Türkiýe hökmünde biziň hem taýarlyklarymyz bar. Hatda Ankarada bir ýer hem bölünip berildi. Mesele bilen bagly Senagat ministrliginiň hem alyp barýan işleri bar" diýendigini aýan edýär.


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar