Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1844775
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Daşary işler ministrligi Germaniýa berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Tanžu Bilgijiň, Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metgugat Sekretarynyň Gresiýany goldap, Türkiýä garşy beren beýannamasyna berk reaksiýa bildirendigini ýazýar. Bilgiç; “Nemes metbugat sekretarynyň ýurdumyzyň howa giňişligini bozan, territoriaýamyzda uçuş eden we uçarlarymy biynjalyk eden tarapyň Gresiýadygyna garamazdan, ýurdumyza esassyz günäleriň ýöňkelmegi kabul edilmesizdir” diýdi.

“Star” gazeti “Ministr Akar, grek kärdeşi PAnagiotopulos bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn Gresiýanyň Goranmak ministri Nikos Panagiotopulos bilen duşuşandygyny mälim edýär. Duşuşykda “Bar bolan meseleleriň çözülmegi üçin aragatnaşyk ulgamlarynyň açyk bolmagy, pozitiw gün tertibine gönükmek, onuň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen özara we sebitleýin hyzmatdaşlyga goşjak goşandy, dartgynlygyň azaldylmagy üçin dialoguň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti” boýunça pikir alyşylandygyny mälim edýär.

“Watan” gazet “Ministr Muş: Şu ýylky eksport maksadymyz 250 milliard dollar” söz başyly habarynda, Söwda ministri Mehmet Muşuň düýn beren beýannamasynda “Türžiýe geçen ýyl 225 milliard dollarlyk eksport etdi. Şu ýylky maksadymyz bolsa 250 milliard dollar. Şol maksada tarap ynam bilen öňe barýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Ruslaryň Türkiýede dynç alyş işleği mümkinçiliklerden ýokarda” söz başyly habarynda, Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlary bileleşiginiň ýurtda Türkiýede dynç almak üçin bildirilýän isleginiň bar bolan mümkinçiliklerden ýokardadygyny beýan edendigini, Moskwadan soňky 2-3 günüň dowamynda Antalýa uçmaga ýer tapmagyň mümkin däldigini beýan edendigine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Uly kruiz Bodruma 1,411 ýolagçy getirdi” söz başyly habarynda, Bodrumda deňiz syhahatçylygyna bolan islegiň artýandygyny ýazýar. Uzynlygy 323 metre barabar bolan İtaliýa degişli “Kosta Wenezia” kruizi Bodruma 4-nji gezek geldi. Esasan nemes, italian, ispan we portugal raýatlaryndan ybarat 1,411 ýolagçyly gämi Bodrum portuna labyryny taşlady.



Degişli Habarlar