Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1842670
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogan: Ilkinji gaz 2023-nji ýylda ulgamda bolar" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Garadeňiziň gazy Deňizde ilkinji turba geçirme we kebşirleýiş dabarasynda eden çykyşynda: "2023-nji ýylda günlük 10 million kub metr tebigy gaz ulgama goýberiler" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Sabah gazedi: "Ministr Çawuşoglyndan DKTR-da Gresiýa anyk ýüzlenme" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen geçiren metbugat ýygnagynda Gresiýa bilen soňky wagtlarda başdan geçirilýän dartgynlyk bilen baglanşykly: "Haklarymyzy goramakda doly ýagdaýda tutanýerlilidiris. Biz hyzmatdaşlygyň tarapdarydyrys, dartgynlygyň tarapdary däldiris. Gresiýa kanuny taýdan jogap bermeýär. Gresiýa gidip halkara jemgyýetçiliginiň öňünde aglaýar. Mesele bar bolsa olary gepleşikler arkaly çözüp bileris" diýendigini mälim edýär.

Star gazedi: "Senagat önümçilik indeksi ýyllyk görkezijilere görä 10,8 göterim ösüş etdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Statistika guramasynyň, aprel aýynyň Senagat önümçiliginiň indeksiniň görkezijilerini beýan edendigini habar berýär. Şoňa laýyklykda aprel aýynda senenama täsirinden saplanan Senagat önümçilik indeksi, geçen ýylyň aprel aýyna garanyňda 10,8 göterim artdy. Senenama täsirinden saplanmadyk Senagat önümçilik indeksi bolsa ýyllyk görkezijilere görä 10,5 göterim artdy. 

Watan gazedi: "Antalýa howa ýollary arkaly gelen syýahatçylaryň sany 3 million adamdan geçdi" söz başyly habarynda, Antalýa şu ýylyň başyndan bäri howa ýollary arkaly gelen syýahatçylaryň sanynyň 3 million adamdan geçendigini aýan edýär. Welaýatyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berilen maglumata görä, 1-nji ýanwar-12-nji iýun aralygynda şähere howa ýollary arkaly gelen syýahatçylaryň sany 3 million 104 müň 300-e ýetdi.

Haber Türk gazedi: "Adem Asil altyn medala eýe boldy" söz başyly habarynda, Horwatiýada geçirilen Çeper gimnastika boýunça Bütindünýä Challenge kubogynda erkekleriň arasynda milli türk türgeni Adem Asiliň altyn medala eýe bolandygyny beýan edýär. 


Etiketkalar: #habar , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar