Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1829560
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “19-njy maý bütin ýurtda dabara bilen bellenilip geçildi” söz başyly habarynda, Gahryman M.K.Atatürkiň garaşsyzlyk oduny ýakmak üçin Bandyrma paromy bilen Samsuna baran gününiň 103-nji ýylynda Türkiýäniň gyzyl-ak reňklere bezelendigini ýazýar. Pandemiýadan soň meýdanlar dolup-daşan bolsa, Ankaradaky dabaralaryň merkezi Atatürkiň aramgähi boldy.

“Star” gazeti “Erdogan çürt-kesik beýan etdi: PKK/ÝPG-ä goldaw berenleri “kabul etmeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Şwesiýanyň we Finlandiýanyň NATO agzalyk ýüz tutmasynyn Türkiýe tarapyndan weto edilmegi hakynda; “PKK/ÝPG-ä goldaw berýänleri “kabul” etmeris. Şwesiýa tüýs terror öýjügi. Agzalardan biri kabul etmese NATO kabul edilmezler” dýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Çawuşogly hyzmatdaşlyga çagyrdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Russiýanyň we Ukrainanyň önümçilik hem-de eksport şertleriniň ýaramazlaşmagynyň global azyk howpsuzlygyna gönüden täsir ýetirýändigini nygtap; Bu söweşiň açlyk meselesini hasam agyrlaşdyrmazlygy üçin halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmeli” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministrligi Gresiýa “Pontus” boýunça reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada; “Gresiýanyň resmi edaralary tarapyndan esassyz “Pontus” tezisleriniň belli güni bahanasy bilen geçirilen we taryhy dolulygyna ýoýýan beýanatlary doly ret etýäris” diýilýändigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Dördünji burawlaýyş gämisi Türkiýä geldi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň denizlerde uglewodorod serişdelerini gözleýän flotuna goşuljak dördünji burawlaýyş gämisiniň, Mersin welaýatynyň Taşuju portuna gelendigini mälim edýär. Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez “Taşuju portunda 2 aýlyk taýýarlyk tapgyryndan soň gämimiz ilkinji burawlaýyş işlerine başlar” diýdi.



Degişli Habarlar