Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1827961
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sta” gazeti Türkiýe bilen Alžiriň arasynda 15 ylalaşyga gol çekişildi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň we paýtagt Ankarada resmi sapar guran Alžiriň döwlet Ýolbaşçysy Aldulmajid Tabbunyň gatnaşmagynda Türkiýe bilen Ažiriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürjek magdançylyk, daşky gurşaw, bilim, medeniýet we goranyş senagaty pudaklarynda 15 ylalaşyga gol çelişilendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygyna “kabul” sesini bermeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň NATO agza bolmak isleýän Finlandiýanyň we Şwesiýanyň terrorizme boýunça pozisiýalarynyň anyk däldigini beýan edip; “Aýratynam bize sanksiýa goýanlara “kabul sesini bermeris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Stoltenberg” Türkiýäniň howpsuzlyk boýunça aladalary ortadan aýrylmaly” söz başyly habarynda, DAşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär. Telefon söhbetdeşliginden soň beýannama beren Stoltenberg: “Türkiýe esasy hyzmatdaşlardan biri we haýsydyr bir howpsuzlyk aladasy bar bolsa, ol ortadan aýrylmaly” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Şwesiýa terrorizme goldawyny dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Türkiýe tarapyndan NATO agzalygyna oňyn garalmaýan Şwesiýada ekstremist terror guramasy PKK goldaw ýörişleriniň dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Paýtagt Stolgolmyň meşhur şaýollaryndan Kungsgatanda düýn terror guramasyna degişli ägirt uly esgi asyldy. Polis ýörişe çäre görmedi.

“Sabah” gazeti “Anadolužet Milan-Bergoma saparlaryna başlady” söz balyly habarynda, Türk howaýollarynyň “Anadolužet” markasynyň Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky howa menzilinden İtaliýanyň Milan şäheriniň Bergamo howa menziline uçuşlaryň başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar