Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1823910
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Harby goşunlarymyz serhetýakalarynda ýalňyşlyga ýol bermedi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň serhetýaka zolagyna iş saparyny guran Milli goranmak ministri Hulusi Akar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Howpsuzlyk güýçlerine ýüzlenen Erdogan; “Goşunlarymyz häzirki wagta çenli serhetýakasynda kiçijik ýalňyşlyga hem ýol bermedi. Goşunlarymyzyň siz hormatly gullukçylaryny öz adymdan, milletimiň adyndan gutlaýaryn. Gaýratly göreşiňiz taryh boýy ýatdan çykarylmaz” diýdi.

“Watan” gazeti “Türkiýe Şweýsariýadaky hüjümi ýazgardy” söz başyly habarynda, ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýaranlarynyň Şweýsariýanyň Basel şäherinde düýn geçirilen 23-nji aprel Halkara çagalar festiwalynda türk raýatlaryna hüjüm edendigini ýazýar. Daşary işler ministrligi hüjümi berk ýazgaryp; “Terror guramasynyň we onuň ýaranlarynyň Ýewropanyň ortasynda çagalar festiwalyny nyşana alýan derejede pespälleşmegi, terror guramasynyň petpälligini halkara jemgyýetçiligine ýene-de bir gezek görkezdi” diýip, beýanat berdi.

“Star” gazeti “Türkiýe ÝB-ne agza bolan bolsady, bu söweşiň öňi alynardy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministriniň orunbasary we ÝB bilen gatnaşyklar edarasynyň Başlygy Faruk Kaýmakçynyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalygynyň üçünji ýurtlar üçin hem bähbitli boljakdygyny beýan edendigine ünsleri çekýär. Kaýmakçy; “Eger Türkiýe ÝB-ne agza bolan bolsady, Ukrainadaky söweşiň öňi alynyp bilnerdi. Sebäbi günbatar üçin esasy mesele ýüzöwürdijilik” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýewropalylar Ýakyn Gündogaryň ýerine Türkiýän isleg bildirýär” söz başyly habarynda, Stambulyň söwda birleşmesinin Başlygy Şekib Awdagiçiň önümçilikde we isleg bildirmede Türkiýä bolan gyzyklanmanyň koronawirusdan soň hem dowam edýändigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Uzak Gündogarda, esasanda Hytaýda koronawirusa ýolukmalaryň gaýtadan artmaga başlandygyny ýatladan Awdagiç; “Şol sebäpli ýewropalylar islegler boýunça Türkiýe ýaly anyk bazarlara ýönelmage dowam edýärler. Türkiýäniň nyrh, hil we üpjünçilik boýunça ýokary performansy bar” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Oba hojalyk önümleriniň eksporty 4 aýda 24 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň oba hojalyk önümleriniň eksportunyň ýylyň dört aýynda 24 göterim artyp, 11,1 milliard dollara ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýurduň eksport aprel aýnda bolsa geçen ýylyň degişli aýyna görä 17,6 göterim artyp, 2,7 milliard dollara barabar boldy.

 



Degişli Habarlar