Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1813677
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdoganyň Palestina goldaw ýüzlenmesi: “Elmydama sizi goldaýarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Sosial media hasabyndan habarnama beren Erdogan: “Telefon söhbetdeşligimizde Ysraýylyň Aksa metcidinde ybadat edýänlere gören çaresini berk ýazgarandygyny we Aksa metcidiniň hukuk derecesine we ruhany özbolyşlygyna abanýan howplaryň garşysynda durcakdygymyzy Hormatly Abbasa beýan etdim. Türkiýe elmydama Palestinanyň ýanynda” diýip ýazdy.

“Sabah” gazeti “Stambul tapgyryny hemmeler goldamaly” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Telefon söhbetdeşliginde İýerusalimde başdan geçirilen wakalar we Ukraina-Russiýa söweşi ýaly sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşyldy. Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ukraina meselesinde Stambul tapgyrynyň goldanmalydygyny beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “Russiýa Erdoganyň talabyny bercaý etdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat Sekretary İgor Konaşenkowyň Prezident Erdoganyň talabyna laýyklykda Mariupoldaky metcitde gabawda galanlaryň halas edilendigini we howpsuz ýere geçirilendigini beýan edendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Baýraktar TB2” Fransiýanyň radarynda” söz başyly habarynda, fransuz harby goşunlarynyň gelecekde “ýokary dereceli çaknyşyklarda” üstünliksiz bolmazlygy üçin Senatda “Baýraktar TB2-ä” meňzeş ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň öndürilmegi boýunça garaýyş beýan edilendigine ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Antalýa gelýän syýahatçylaryň sany artýar” söz başyly habarynda, 2020-nci ýylda Paska dynç alyşynyň çäginde aprel aýynda şähere 905 adam gelen bolsa, şol sanyň 2022-nci ýylyň apreli gutarmanda 300 müňe ýetendigini ýazýar. Antalýanyň Şäher Geňeşiniň Syýahatçylyk toparynyň Başlygy Recep Ýawuz 2021-nci ýylyň aprelindäki cemi syýahatçy sanynyň 178 müňe barabar bolandygyny ýatladyp, “Şu ýyl 1-15-nci aprel aralygynda geçen ýyldakydan iki esse syýahatçy geldi. Aýyň ahyryna çenli 600 müňe ýetmegine garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar