Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1809181
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly: Buçadan gelip gowuşan habarlar gepleşiklere zeper ýetirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatyndan soň beren beýannamasynda, Russiýa-Ukraina söweşinde gepleşikleriň oňyn dowam edýändigine garamazdan Buçada asuda ilatyň gyrylmagynyň kabul edilmesizdigini nygtap; “Bu wideo ýazgylar, fotosuratlar gepleşiklere we oňyn atmosfera zyýan ýetirdi. Ýene-de agyr şertlerde gepleşikler dowam etmeli” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “ABŞ Türkiýä potensial F-16 satuwynyň ABŞ-nyň we NATO-nyň bähbitlerine hyzmat etjekdigini habar berdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň Kongresse ugradan hatynda Amerikan hökümetiniň Türkiýä F-16 harby uçarlarynyň satuwynyň ABŞ-nyň milli howpsuzlyk bähbitlerine bap geljekdigini, şol bir wagtda-da NATO-nyn uzak möhletli jebisligine hyzmat etjekdigine ynanýanylýandygyny mälim edendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türk gyzyl balygy Ispaniýada tanyşdyrylar” söz başyly habarynda, ýylyň birinji çärýeginde 20  ýurtda alyjy tapan türk gyzyl balygynyň aprel aýynyň 26-28-i aralygynda Ispaniýada geçiriljek sergide tanyşdyrylyp, eksport bazarynyň giňeldilmeginiň nazarda tutulýandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Syýahatçylar Marmarise gelmäge başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we dünýäniň belli syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Muglanyň Marmaris etrabynda myhmanhanalaryň taýýarlyklaryny tamamlap, myhmanlaryny kabul etmäge başlan bolsa, esasy bölegi Britaniýadan, Ysraýyldan, Belgiýadan we Eýrandan gelen syýahatçylaryň deňiz kenarynda dynç alýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Dünýä meşhur aýdymçy paýlaşdy! Türk muşdaklary garaýyş beýan etdi” söz başyly habarynda, dünýä meşhur aýdymçy Halsiniň sosial media hasabyndan beren türk dilindäki habarnamasy bilen ünsleri özüne çekendigini mälim edýär. Amerikaly aýdymçy ogly Ender we söýgülisi Alew Aýdyn bilen düşen fotosuratyny “Söýgi bölüşdigiň saýyn ulalar” belligi bilen muşdaklarynyň dykgatyna ýetirdi. Diýseň halanan fotosurata müňlerçe türk garaýyş beýan etdi.



Degişli Habarlar