Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1807946
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Zelenskiý Türk metbugatyna beýanat berdi" söz başyly habarynda, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň, Russiýanyň Ukrainany basyp almak baradaky başlangyçlaryna goşant goşan her kimiň harby jenaýatçydygyny aýdandygyny habar berýär. Zelenskiý: "Biz Türkiye Respublikasynyň goldawyna doly ynanýarys" diýdi. 

Star gazedi: "Türkiýe Buça we Irpin bilen bagly beýanat berdi: Jogapkärler hasap bermeli" söz başyly habarynda, Türkiye Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň: "Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň golaýyndaky Buça we Irpin şäherlerinde asuda ilatyň öldürilmegi bilen bagly metbugatda çykan fotusuratlaryň we wideo ýazgylar “gazaplandyryjy” we “umumy adamzat üçin gynandyryjydyr. Bigünä ilatyň nyşana alynmagy asla kabul edilmez. Meseläniň garaşsyz derňew işi bilen öwrenilip, jogapkärleriň ýüze çykarylmagy we hasap bermegini ýola goýmak esasy tamamyz” diýendigini mälim edýär.  

Hürriýet gazedi: "Mariupoldan ewakuasiýada Türkiýe formulasy" söz başyly habarynda, Russiýanyň hüjümleri bilen ýer bilen ýegsan bolan we uly ynsanperwer betbagtçylyga barýan Ukrainanyň Mariupol şäherinden asuda ilatdan 80 müň adamyň ewakuasiýasy üçin Türkiýäniň formulasynyň güntertipdedigini beýan edýär. Türkiýäniň sebitdäki ewakuasiýa operasiýasyna hem Ukraina hem-de Russiýa oňyn garaýar. Halas ediş operasiýasynyň deňiz ýoly arkaly amala aşyryljakdygy pikir edilýär. 

Sabah gazedi: "ABŞ bilen gatnaşyklarda täze tapgyr" söz başyly habarynda, Türkiye bilen ABŞ-nyň arasynda ykdysady, harby we syýasy meselelerde hyzmatdaşlyk bilen bagly täze döwrüň başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýe-ABŞ Strategik mehanizmiň çäginde paýtagt Ankara gelen  ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Wiktoriýa Nuland güýçli hyzmatdaşlyk ýüzlenmesini berdi. Iki ýurdyň arasynda 100 milliard dollarlyk söwda kuwwady maksat edinilýär. 

Watan gazedi: "Ýerli dikuçar ATAK-da täze özgeriş" söz başyly habarynda, Ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürilen harby dikuçar ATAK-yň daşary ýurt eksportynda möhüm hadysalaryň başdan geçirilendigini aýan edýär. Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Goranyş senagatynda buýsandyryjy günleriň ýene-de biri. ATAK dikuçarlarymyzy daşary ýurtda ilkinji gezek Filippinler döwletine gowşurýarys" diýip belledi. 


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar