Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1807231
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan: Türkiye Respublikasy bu möhüm tapgyrda Tunisi goldaýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Tunisde başdan geçirilýän wakalar hakynda: “Saýlanan Mejlisiniň bes edilmegi Tunisiň gelejegi taýdan gynandyryjy we Tunisiň halkynyň ygtyýaryna urlan zarbadyr. Türkiye Respublikasy bu möhüm tapgyrda dost we doganly  ýurt Tunisiň hem-de Tunisiň halkynyň ýanynda durmaga dowam ederis” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň Ukrainadaky İlçihanasynyň Buça hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ukrainadaky İlçihanasynyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň golaýyndaky Buça we İrpin bilen bilelikde ençeme etrabyndan metbugatda seslenme döreden wakalaryň “gazaplandyryjy” we bigünä ilatyň nyşana alynmagynyň kabul edilmesizdigini beýan edendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Zelenskiý: Türkiye bilen aragatnaşygymyz dowam edýär” söz başyly habarynda, Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň Ukrainada rus goşunlaryndan saplanan Buça şäherine guran iş saparynda Mariupoldaky soňky ýagdaý hakynda: “Mariupolda şertler agyr. Men goşunymyz bilen yzgiderli aragatnaşykda. Ewakuasiýalar boýunça Türkiye bilen aragatnaşygymyz dowam edýär. Gysga möhletde jogap geler” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Eksportda taryhy rekord” söz başyly habarynda, Söwda ministri Mehmet Muşuň mart aýyna degişli daşary söwda görkezijilerini beýan edendigine ünsleri çekýär. Ministr Muş mart aýynda eksportuň 19,8 göterim ýokarlap, 22,7 milliard dollara ýetendigini we Respublika taryhynyň rekorduny goýandygyny aýtdy.

“Sabah” gazeti “62 ýyldan bäri NATO-nyň ştab kwartirasynyň diwarlaryny bezeýär” söz başyly habarynda, meşhur suratkeş, ýazyjy we şahyr Bedri Rahmi Eýubogly tarapyndan dikeldilen mozaika diwaryň 62 ýyldan bäri NATO-nyň ştab kwartirasynda sergilenmäge dowam edilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 1960-njy ýylda türk hökümeti tarapyndan şol wagtlar Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýän NATO-nyň binasyna sowgat edilen mozaikalar häzirki wagtda NATO-nyň Brýusseldäki binasyny bezeýär.



Degişli Habarlar