Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1802717
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Stambulda geçirler” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.

Prezident Erdogan, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky hüjümleriň gyssagly edilmeginiň we parahatçylygyň üpjün edilmeginiň möhümdigini nygtady we Türkiýäniň bu etaba goşant goşmaga dowam etjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Russiýa-Ukraina gepleşikleriniň Stambulda dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

“Sabah” gazeti, “Türkiýäniň parahatçylyk diplomatiýasy dünýä bu kitap bilen gürrüň berler” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Russiýa-Ukraina krizisiniň çözülmegi üçin eden diplomatik tagallasynyň ýörite kitapda gürrüň berlendigini habar berýär.

“Türkiýäniň Durnuklylyga goşandy, Parahatçylyk üçin köp taraply diplomatiýa” atly kitabyň sözbaşysynda, Prezident R. T. Erdoganyň “Üns berilmedik kiçijik bir mesele hem nähili uly betbagtçylyklara sebäp bolup biljekdigini bu etapda ýene-de bir gezek ýüze çykdy. Bu söweş şol bir wagtda howpsyzlygyň we durnuklylygyň goralyp saklanmagy üçin döredilen halkara guramalaryň has täsirli bolmalydygyny we degişli çäreleri görmelidigini ýene-de bir gezek görkezdi” diýen sözlerine ýer berilýär.

“Star” gazeti, “Türkiýeden hyzmatdaşlaryna anyk ýüzlenme” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, taryhdaky iň möhüm we täsirli guramanyň NATO-dygynyň hemmeler tarapyndan bilinýandigini we has güýçli we täsirli bolmagy üçin bolsa has güýçli agzalarynyň bolmalydygyna ünsi çekendigini ýazýar.

Ministr Akar “Emma gynansakda şu günki günde hyzmatdaşymyzyň ýurdumyza goýan nähak eksport çäklendirmesi diňe Türkiýä däl eýsem NATO hem ýaramaz täsirini ýetirýär” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, Türk uçarmansyz howa ulaglaryny öndüren Baýkar tehnalogiýa firmasynyň lideri Selçuk Baýraktar Twitterden beren habarnamasynda önümçilik merkezi hakynda maglumat berdi.

Selçuk Baýraktar, Gyzylalma Söweşjeň uçarmansyz howa ulgamy hakynda maglumat berdi.

Gyzylalma Söweşjeň uçarmansyz howa ulgamynyň 2023-nji ýylda ilkinji uçuş synagyny geçirmegine garaşylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti, Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň, Türkiýäniň biologik köpdürlüliniň goralyp saklanmagy üçin uly tagalla edýändigini ýazýar.



Degişli Habarlar