Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1794900
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident R.T.Erdogan Gresiýanyň Premýer-ministri Mikotakis bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis bilen duşuşandygyny ýazýar. Duşuşykda Türkiýe-Gresita gatnaşyklarynyň ýany bilen aktual geosyýasy meseleler we Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşyldy.

“Haber Türk” gazeti “BMG Erdogana sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň düýn BMG-niň baş Sekretary Antuniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär. Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde Guterriş Erdogana Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda töwellaçylyk başlangyjy, parahatçylyga goşýan goşantlary we diplomatik tagallalary üçin sagbolsun aýtdy.

“Sabah” gazeti “Çawuşogly ýurdumyza bolan ynam ýokary” söz başyly habarynda, düýn Antalýa Diplomatiýa forumyndan soň beýannama beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Russiýa-Ukraina söweşi hakynda garaýyş beýan edip, “İki tarapyň hem maslahata, esasan-da biziň hem gatnaşmagymyzy islemegi ýurdumza bolan ynamyň açyk görkezijisidir” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Altun. Ýurdumyz dünýäniň ýüreginiň urýan ýerine öwrüler” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunyň Türkiýäniň mundan beýläk-de diplomatik we strategik taýdan dünýäniň ýüreginiň urýan ýeri boljakdygyny beýan edendigini ýazýar. Altun düýn sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Türkiýäniň strategik taýdan eý ebolan güýjüni we geoýasy hem-de geoykdysady taýdan dünýäde eý ebolan pozisiýasyny soňky bir hepdedäki diplomatik tagallalary bilen görkezendigine ünsleri çekdi.

“Star” gazeti “Frankis: Türkiýeden öwrenmek isleýäris” söz başyly habarynda, düýn “ADF-ä” beýannama beren we Türkiýedäki tehnologik we infstruktura taýdan gazanylan üstünlikleriň özünde uly täsir galdyrandygyny beýan eden Siýerra-Leonyň Daşary işler ministri Dewid Frakisiň “Türkiýeden öwrenmek isleýäris. Türkiýä gelip, ýurduň bir başyndan beýleki başyna syýahat edeninizde infrastrukturadaky ösüşleri ögrýärsiňiz” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär.



Degişli Habarlar