Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1792395
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Akar, rus kärdeşi bilen söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýär. Ministr Akar, häzirki wagtda rus portlarynda garaşdyrylýan söwda gämileriniň Türkiýä howpsuz ýagdaýda gelmegi üçin goldaw berilmegine garaşýandygyny beýan etdi. 

Sabah gazedi: "Çawuşogly: Ewakuasiýa edilen türk raýatlaryň sany 13 müň 120-ä ýetdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Ukrainadan düýn ýola çykan 699 adam bilen birlikde ewakuasiýa edilen türk raýatlaryň sanynyň 13 müň 120-ä ýetendigini habar berdi. 

Hürriýet gazedi: "Uçarmansyz harby uçarlar bilen baglanşykly möhüm hadysa" söz başyly habarynda, Baýkar tehnologiýa lideri kärhanasynyň ýolbaşçylaryndan Selçuk Baýraktaryň, uçarmansyz harby ulagyň ilkinji prototipiniň ilkinji uçuşyny öňümizdäki ýyl amala aşyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýdandygyny aýan edýär.

Watan: "Ministr Warank: Türkiýäni öndürip ösdüreris" söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň düýn beren beýanatynda: "Türkiýäni öndürip ösdüreris we nesip bolsa öňümizdäki döwürde dünýäniň iň ösen 10 ykdysadyýetiň birine ýetirmegiň hötdesinden geleris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Iki aýda 18 million adam howa ýollaryny ulandy" söz başyly habarynda, Döwlet howa meýdançalary dolanşygynyň Baş müdürliginiň fewral aýy we ýanwar-fewral aýlary bilen bagly uçar saparlary, ýolagçy sany we ýük daşamak statistikasyny beýan edendigini habar berýär. Türkiýedäki howa menzillerinde ýanwar-fewral aýlary aralygynda howa ýollaryny ulanan ýolagçylaryň sany 18 milliondan geçdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #habar , #gazet

Degişli Habarlar