Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1775619
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, Prezident Erdogan, Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Abu Dabiniň  Mirasdar Şazadasy Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdigini ýazýar.

Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Al Nahaýan telefon söhbetdeşliginde koronawirusa ýolugan Prezident Erdoganyň we aýaly Emine Erdoganyň tiz wagtda sagalmaklaryny diledi.

“Sabah”gazeti “Çawuşoglunyň Ysraýyl beýannamasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn beren beýannamasynda, “Ysraýyl bilen gatnaşyklarymyzyň kadalaşmagy üçin geçiriljek gepleşliklerde Palestine meselesinde asla egilşik etmeris”diýendigine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti, “Selçuk Baýraktar maksatlaryny beýan etdi” söz başyly habarynda, Baýkar goranyş firmasynyň tehniki müdüri Selçuk Baýraktaryň, Azerbaýjanda Baýraktar BT-2 we uçarmansyz howa ulaglarynyň bejerilmeginden daşary döwrebap tehnalogiýa eýe bolan taslamanyň üstünde işlejekdikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Star” gazeti, “Türkiýäniň Aýa ugratjak uçarmansyz emeli hemra ulagynyň üstünde işlenýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Emeli hemra gullugynyň başlygy Serdar Hüseýin Ýyldyrymyň düýn beren beýannamasynda, “Bizi 2 ýylda Aýa alyp gitjek uçarmansyz ulagy öndürler” diýendigine ünsi çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Türk ekerançylyk önümleriň dünýäniň çar tarapynda 1 milliarda golaý adama tanadylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň, türk eksport önümleriniň we pudaklarynyň dünýäniň çar tarapynda ýakyndan tanyşdyrylmagy maksady bilen BBJ World Nýus bilen birlikde ýörite dokumental film taýarlandygyny habar berýär. Dokumental film Türkiýäniň eksport önümlerini BBJ arkaly dünýäniň çar tarapynda 1 milliarda golaý tomaşaça ýetirer.

 

 

 

 



Degişli Habarlar