Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1772656
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Çawuşogly: Araçylyga has köp üns bermegimiz gerek" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk bilen baglanşykly, Ukraina we onuň töweregine ser salynanda "doňan çaknyşyklar" sözleriniň ýalňyşdygyny belläp: "Bular çözgütleri doňdurylan çaknyşyklardyr we üstünde ylalaşylan bir çözgüt bolmadan islendik pursat çaknyşyga öwrülip biler. Şol sebäpli araçylyga has köp üns bermegimiz gerek" diýendigini habar berýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Ermenistandan gelen ilkinji uçar Stambula gondy" söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky kadalaşma tapgyrynyň çäginde Stambul-Ýeriwan uçar saparlarynyň düýn başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.  FlyOne howaýollary kärhanasyna degişli ýolagçy uçar 64 ýolagçysy bilen Ýeriwan halkara Zwartnots howa menzilinden ýola çykyp Stambula gondy. Iki ýurdyň arasynda 2020-nji ýyldan bäri uçar saparlary amala aşyrylmaýardy. 

Haber Türk gazedi: "Turkowakyň ygtybarlygy ylmy taýdan subut edildi" söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan ýerli Turkowak sanjymynyň täze seriýalarynyň şäher hassahanalaryna ugradylmaga başlanandygyny mälim edýär. Turkowak sanjymynyň şu günki güne çenli hasaba alynan agyr zyýanly täsirleriniň bolmandygyny aýdan Koja: "Ýerli sanjymymyzyň täsirlidigi we ygtybarlydygy ylmy taýdan subut edildi. Her bir raýatymyz ikirjiňlenmeden öz sanjymymyz, öz güýjümiz Turkowak-a ynanyp biler" diýip nygtady. 

Sabah gazedi: "Türkiýe eksportda ýanwar aýynda iň ýokary görkezijilere ýetdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň eksportda üstünlik hekaýasyny dowam etdirýändigini beýan edýär. 2021-nji ýylda 225,4 milliard dollar bilen Respublika taryhynyň iň ýokary görkezijilerine ýetilen eksport, 2022-nji ýyla hem çalt depginler bilen başlady. Eksportda geçen ýyl ýetilen sepgidiň bu ýyl hem dowam edýändigini aýdan Mehmet Muş: "Eksportymyz geçen ýylyň ýanwar aýyna garanyňda 17 göterimlik artyş bilen 17,6 milliard dollara ýetdi. Bu ýetilen sepgit ýurdyň ähli wagtlaryň ýanwar aýlarynyň iň ýokary görkezijisidir" diýip habar berdi. 

Star gazedi: "Doganlyk ýurt bilen amala aşyrylýan söwdada täze rekord" söz başyly habarynda, Özbegistanyň daşary söwda mukdarynyň geçen 2021-nji ýylda 2020-nji ýyla garanyňda  16 göterim artyp 42 milliard 71,6 million dollara ýetendigini aýan edýär. Türkiýe geçen ýyl 8,1 göterimlik paý bilen Özbegistanyň iň uly 4-nji hyzmatdaşy boldy. Iki ýurdyň arasynda 62,1 göterim artan daşary söwda mukdary, şeýlelik bilen ilkinji gezek 3 milliard dollardan geçdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #gazet , #metbugat , #habar

Degişli Habarlar