Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1754068
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogan: Dünýä goranyş senagatynda ýeten sepgidimiz barada gürrüň edýär" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, ýurtlaryň güýjüniň indi ýokary tehnologiýalardaky täsirlilikleri bilen ölçelýändigini belläp: "Goranyş senagatynda ýeten sepgidimiz şu günki gün bütin dünýäniň dilinde" diýendigini habar berýär. Erdogan Türkiýäniň sebitiň gelejegini kesgitleýji ýurtlaryň başynda durýandygy baradaky analizleriň barha köp paýlaşylýandygyny beýan etdi. 

Hürriýet gazedi: "TURKOWAK sanjymy üçin bellige alyşlar başlady" söz başyly habarynda, Gyssagly ýagdaýda ulanmak barada rugsatnama alan we dowamly önümçiligine başlanan ýerli koronawirus TURKOWAK sanjymyny etdirmek isleýän adamlaryň bellige alyş işleriniň başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. TURKOWAK sanjymy bilen raýatlara Sinowak we Biontech sanjymlary bilen birlikde alternatiwa hödürlener. Bu hepde ýerli sanjymyň ulanylmaga başlanmagyna garaşylýar. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýe bor elementinde rekord goýdy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň: "2,5 million tonnasy eksport bolmak bilen, jemi 2,6 million tonnalyk bor önümleriniň satuwyny amala aşyrdyk. Ondan 1 milliard dollardan gowrak girdeji alyp, rekord goýdyk" diýendigini mälim edýär. Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, paýtagt Ankara şäherinde Eti magdan Baş müdürliginde geçirilen Bor seminarynda, Türkiýäniň dünýä bor bazarynyň lideri ýagdaýyndadygyna ünsleri çekip: "2021-nji ýylda epidemiýa şertlerine garamazdan bor elemenetiniň önümçiliginde, eksportynda we satuwynda rekord goýdyk. 2,5 million tonnasy eksport etmek bilen, jemi 2,6 million tonnalyk bor elementiniň satuwyny amala aşyrdyk. Ondan 1 milliard dollardan gowrak girdeji alyp, rekord goýdyk. Şu günki gün bor bazarynyň 62 göterimine eýediris" diýip mälim etdi.  

Star gazedi: "Türkiýeden dostlukly ýurtlara kömek" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Albaniýanyň Laç şäherinde ýer titremede öýlerinden mahrum bolan adamlar üçin gurup beren öýleriň eýelerine gowşurylandygyny habar berýär. Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, Laç şäherindäki taslamanyň, Türkiýäniň hökümetiniň finansirlemegi we dosty hökmünde häsýetlendiren Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gönüden gyzyklanmasy bilen tamamlanandygyny aýan etdi. Prezident Erdogan Albaniýada 2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda başdan geçirilen ýer titremeden soň ýer titremede öýlerinden mahrum bolan adamlar üçin 500 ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy barada görkezme beripdi. 

Sabah gazedi: "Dünýä ýyldyzlarynyň Stambula bolan haýranlygy" söz başyly habarynda, Italiýanyň Inter futbol komandasynyň futbolçysy Edin Dzekonyň, birnäçe gün ozal aýaly Amra Silaýdžiç we çagalary bilen bilelikde Stambula dynç almaga gelendigini habar berýär. Aýasofýa, Gülhane we Kapalyçarşy bazarlaryna baryp gören futbolçy takmynan 15 müň ýewrolyk söwda etdi. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #Türkiýe , #gazet

Degişli Habarlar