Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1744572
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Pars aýlagy ýurtlarynyň halklarynyň ählisi biziň doganlarymyzdyr" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň we Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Saniniň Kataryň Emirlik diwanynda geçiren ikiçäk duşuşklaryndan soň, iki ýurdyň ministrlikleriniň arasynda 15 şertnama baglaşandygyny beýan edýär. Prezident Erdogan baglaşylan ylalaşyklardan soň, Katar-Türk güýçleriniň serkerdeligine baryp: "Türkiýe hökmünde Katar bilen birlikde Pars aýlagy sebitiniň asudalygyna we durnuklylygyna uly ähmiýet berýäris. Bu topraklarda dartgynlyk görmek islemeýäris. Haýsy köke, messebe degişli bolsan bolsun, Pars aýlagy ýurtlarynyň halklarynyň ählisi biziň doganlarymyzdyr" diýip belledi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Britaniýadan Türkiýä ýüzlenme: Hyzmatdaş bolmaga taýardyrys" söz başyly habarynda, Beýik Britaniýanyň Goranmak we howpsuzlyk forumynyň başlygy Olga Maitlandyň, Türkiýäniň milli howpsuzlygy babatynda eden ädimleriniň üstünde durup geçip, Beýik Britaniýanyň Türkiýe bilen şol ugur boýunça maglumat paýlaşmaga isleglidigini we Türkiýäniň hyzmatdaşy hökmünde kabul edilmeginiň gerekdigini aýdandygyny habar berýär. 

Star gazedi: "Talibandan türk kärhanalaryna çagyryş" söz başyly habarynda, Owganystanda Talibanyň häkimiýetiniň Suw işleri we Energetika ministriniň orunbasarynyň wekili Mujiburrahman Ömeriň, türk kärhanalary başda bolmak bilen dünýäniň islendik ýerindäki maýadarlara: "Geliň, ýurdumyza maýa goýuň" diýip çagyryş berendigini okyjy köpçüligniň dykgatyna ýetirýär. 

Sabah gazedi: "Türkiýäniň uçuş tory 335 nokada ýetdi" söz başyly habarynda, Raýat awiasia ugrundaky işleri bilen dünýäniň iň giň uçuş toryna eýe bolan ýurtlaryň başynda gelýän Türkiýeden 2003-nji ýylda dünýäniň 50 ýurdundaky 60 nokada uçar saparlary amala aşyrylan bolsa, şol görkezijiniň şu günki günde dünýäniň 128 ýurdundaky 335 nokada ýetendigini aýan edýär. 

Haber Türk gazedi: "MSC Cruises 2022-nji ýylda Türkiýä gaýdyp geler" söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2022-nji ýylyň tomus aýynda MSC Cruises Ortaýer deňizi programmasyna gaýdyp geljekdigini beýan edýär. Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etraby deňiz syýahatyny amala aşyrjak syýahatçylaryň ilkinji porty bolar. MSC Cruises kärhanasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Angelo Kapurro: "Türkiýä gaýdyp barjakdygymyz üçin tolgunýarys" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #metbugat , #habar

Degişli Habarlar