Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1743392
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Türk zenanlary ençeme hukugyna Ýewropadaky zenanlardan ozal eýe boldy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, zenanlara saýlama we saýlanma hukugynyň berilmeginiň 87-nji ýyllygy mynasybetli wideo ýüzlenme taýarlandygyny habar berýär. Erdogan: "Türk zenanlary ençeme hukugyna Ýewropadaky zenanlardan ozal eýe boldy" diýendigini aýan edýär. 

Star gazedi: "BMG-nyň Stambul karary" söz başyly habarynda, BMG-nyň Ženewa şäherindäki tankydy global operasiýa bölümlerini Stambul şäherine göçürmek barada karara kabul edendigini habar berýär. Ilkinji tapgyrda "Ynsanperwer utgaşdyryş gullugy (OCHA)" Türkiýä göçüriler. "Ynsanperwer utgaşdyryş gullugy (OCHA)" bilen birlikde ýene-de 8 tankydy gullugyň Stambula göçürilmegi bilen bagly deslapky işler alynyp barylýar. Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran: "Ynsanperwer utgaşdyryş gullugynyň göçürilmegi Stambuly BMG-nyň merkezine öwrümek baradaky maksadymyz taýdan möhüm bir ädim bolar" diýip belledi. 

Haber Türk gazedi: "25 ýyllyk arakesmeden soň Liwiýadan gelen ilkinji ýolagçy gämisi Izmire bardy" söz başyly habarynda, 25 ýyllyk arakesmeden soň Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda ýaňadandan başladylan ýolagçy gämi gatnawlarynyň ilkinjisiniň Izmiriň Alsanjak portyna gelip ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Hepdede 1 gezek guraljak gämi gatnawynyň ilkinjisi bilen 112 ýolagçy Izmire geldi. 

Ýeni Şafak gazedi: "COP 22 konferensiýasy Antalýada geçiriler" söz başyly habarynda, Barselona ylalaşygynyň 22-nji Taraplar konferensiýasynyň 7-10-njy dekabr aralygynda Antalýada geçiriljekdigini beýan edýär. Maslahatda Ortaýer deňizindäki hapalyk, biodürlüligiň ýitmegi, keseki görnüşleriň barlygy we klimat çalşygy ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşylar. COP 22 maslahatynyň netijesinde Türkiýe "Barselona ylalaşygynyň sekretariat býuro baştutanlygy" wezipesini Italiýadan alar. 

Sabah gazedi: "JATA Ýewropa materiginiň iň gowy şäherçelerini saýlady. Sanawda Türkiýe hem bar" söz başyly habarynda, Ýaponiýanyň Syýahatçylar agentlikleri bileleşigi (JATA) Ýewropanyň iň owadan 30 şäherçesini saýlandygyny habar berýär. Türkiýäniň Bursa welaýatynyň Gölýazy şäherçesi sanawa girmegi başardy. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #Türkiýe , #gazet

Degişli Habarlar