Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1722198
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beýanaty" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Gresiýa, Müsür we Kipriň Grek Böleginiň üçtaraplaýyn maslahatlaryndan soň umumy beýannama çap edip, Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň we DKTR-nyň ýok hökmünde garalýan islendik başlangyjynyň şowly bolmajakdygyny aýdandygyny habar berýär. DKTR-nyň Daşary işler ministrligi hem Kipriň Grek Böleginiň, Gresiýanyň we Müsüriň beren umumy beýannamalaryň ýok hökmünde garalýandygyny beýan etdi. 

Hürriýet gazedi: "Ýewropa Komissiýasynyň habarnamasy iki standartlylyk" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýewropa Bleleşigi Komissiýasynyň 2021 Giňeldiş bukjasynyň çäginde çap edilen Türkiýe bilen bagly habarnamasyna reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Türkiýäniň Daşary işler ministrligi beren beýanatynda: "ÝB bilen oňyn syýasy güntertip emele getirmäge synanyşan we ýokary derejeli diýalogymyzy janlandyran bir döwrümizde, gynansagam Bileleşige dalaşgär ýurt bolan Türkiýä garşy jogapkärçilikleriň ünsden düşürilen we ýurdumyz bilen edilýän gatnaşyklarda iki standartly çemeleşmäniň bolan Türkiýe habarnamasy çap edildi" diýip aýan etdi. 

Star gazedi: "Dört liderden umumy jarnama. Türkiýäniň güýji kabul edildi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň, Togonyň, Burkina-Fasonyň we Liberiýanyň Prezidetleriniň geçiren dört taraplaýyn duşuşyklaryndan soň umumy jarnamanyň çap edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Dört ýurdyň Döwlet baştutanlary Türkiýäniň Afrika üçin strategik bir hyzmatdaş hökmündäki roluny kanunylaşdyrýan we ony halkara arenada möhüm bir aktýor ýagdaýyna getirýän Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ösüşini we güýjüni kabul etdiler. 

Ýeni Şafak: “TRT World forum, global meseleleri dünýäniň güntertibine hödürleýär" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň Baş müdüri Zahid Sobajynyň, şu ýyl 5-nji gezek geçirilýän TRT World Forumyň açylyşynda eden çykyşynda, adamy öň hatarda tutýan ýaýlym düşünjesi, amatsyz geografiýalaryň, jemgyýetleriň we aýry-aýry şahsyýetleriň sesi bolmak üçin tagalla edýändiklerini aýdandygyny habar berýär. Sobajy: "TRT World Forum ýaly halkara platformalaryň üsti bilen täze pikirleri orta atmaga we täze maksatlary kesgitlemäge mejburdyrys" diýip belledi. 

Watan gazedi: "Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulaglary fransuzlaryň arzuwy, iňlisleriň maksady" söz başyly habarynda, Fransiýanyň metbugatynyň Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryna bolan haýranlygyny gizläp bilmändigini mälim edýär. Le Figaro Türkiýäniň Beýik Britaniýa ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň satmak ähtimallygynyň Türkiýäniň goranyş senagaty üçin uly bir galkynyşy emele getirip biljekdigini beýan edýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #habar , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar