Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1706731
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak”: “Erdogan: 2023-nji ýyl Türkiýäniň we türk milletiniň täze galkynyşynyň nyşanydyr” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň düýn paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde geçirilen “VI Anadoly Media sylaglary” dabarasynda çykyş edendigini habar berýär. Gazet Prezident Erdoganyň: “2023-nji ýyl Türkiýäniň we türk milletiniň täze galkynyşynyň nyşanydyr” diýip aýdandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazedi: “ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon Der Lýaýen Türkiýe bilen bagly beýanat berdi” söz başyly habarynda, Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon Der Lýaýeniň düýn geçirilen “Bileleşigiň Ýagdaýy” atly maslahatda eden çykyşynda: “Türkiýe bilen gatnaşyklarymyzy tapawutly ugurlar boýunça dowam etdireris” diýendigini beýan edýär.

“Star” gazedi: “Goňşy bilen gol çekişildi. Türkiýä minnetdarlyk bildirýäris” söz başyly habarynda, Adalat ministri Abdülhamit Gülüň, Gruziýa guran saparynyň çäginde iki ýurdyň Adalat ministrleriniň arasynda umumy resminama gol çekişilendigini aýan edýär. Gazet Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwiliniň ýurdunyň territorial bütewiligi bilen özygtyýarlylygyna, Ýewropa-Atlantik integrasiýasy babatynda berýän goldawy üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirendigini habar berýär.

“Sabah gazedi”: “Gresiýa edilen terk gök we miwe önümleriniň eksportynda rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň terk gök we miwe önümleriniň eksportynyň 14 göterimlik artyş bilen 148 million dollara ýetendigini mälim edýär. Habarda awgust aýynda Gresiýa bazarynda 18 göterimlik artyşyň hasaba alynandygyny, Liwiýa we Ysraýyl döwletlerine edilen eksport göwrüminiň bolsa iň uly artyşlaryň hasaba alynan beýleki ýurtlar bolandygy beýan edilýär.

 “Haber Türk” gazedi: “Türkiýeden ýaşaýyş jaý satyn alan Amerikan raýatlarynyň sany 8 aýda 3,5 esse artdy” söz başyly habarynda, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda 30 müň 849 ýaşaýyş jaýynyň satylandygyna ünsler çekilýär. Türkiýeden ýaşaýyş jaý satyn alan ABŞ-nyň raýatlarynyň sany şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 3,5 esse artyp, 871-e ýetdi.



Degişli Habarlar