Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1680108
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Türkiýe gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleri boýunça Ýewropada 5-nji” söz başyly habarynda, Daşky gurşawy goramak we şähergurluşyk ministri Murat Kurumyň Türkiýäniň gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleri taýdan dünýäde 12-nji, Ýewropada 5-nji orny eýeleýändigini aýdandygyny ýazýar. Türkiýäniň energiýa serişdesine bolan isleginiň 52 göterimini gaýtadan işenýän energiýa serişdelerinden gidirilýändigini beýan eden ministr Kurum; “Geljek 10 ýylyň dowamynda her 10 gigabaýt ýel we gün energiýasyny öndürmek, gaýtadan işlenýän energiýa güýjümizi artdyrmak üçin iş alyp barýarys” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Ýerli sanjym ýylyň ahyrynda köpçülikleýin ulanyşa taýar bolar” söz başyly habarynda, wirusa meňzeş bölejiklere (WLP) esaslanýan ýerli Kowid-19 sanjymynyň 1-nji we 2-nji tapgyr synaglarynyň tamamlanandygyny, meýletinlerde häzirki wagta çenli haýsydyr bir zyýan täsiriň ýüze çykmandygyny mälim edýär. Ýerli sanjymyň ýylyň ahyryna çenli öndürilmegi üçin ähli taýarlyklar dowam edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Syýahatçyk pudagynda ýüzler gülýär” söz başyly habarynda, Russiýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň syýahat çäklendirmesini bes etmeginiň ýany bilen 1-nji iýylda başlan kadalaşma tapgyrynyň we Gurban baýramy dynç alyşynyň Türkiýede syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşandygyna üns çekilýär. Millionlarça raýat deňiz kenarlaryna gidip, syýahatçyk pudagynyň hödürleýän şertlerinden peýdalandy. Içerki bazarda 2019-njy ýyldaky görkezijilerden ýokary geçilendigi, daşarky bazarda bolsa 50-den gowrak ýurtdan syýahatçy kabul edilendigi habar berilýär.

“Star” gazeti “Ýerli uçýan awtoulag AirJaryň taýarlyklary dowam edýär” söz başyly habarynda, ýerli tehnologiýa firmasy “Softtec” tarapyndan dizaýn edilen uçýan awtoulagyň ilkinji prototipiniň synag uçuşynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny ýazýar. Bir ýolagçy bilen 80 kilometr, iki ýolagçy bilen 50 kilometr aralyga uçýan elektrik togy bilen işleýän we doly awtonom ulagyň 2025-nji ýylda Stambulda ulanylmaga başlanjakdygy mälim edilýär.

“Watan” gazeti “Türk milli zenan ýygyndy woleýbol komandasynyň ajaýyp başlangyjy” söz başyly habarynda, 2020-nji Tokio olimpiada oýunlarynda B toparynda bäsleşýän türk milli zenan woleýbol komandasynyň Hytaýy 3-0 hasabynda utandygyny ýazýar. Prezident R.T.Erdogan olimpiadanyň çempionuny utan woleýbolçy zenanlary gutlady.



Degişli Habarlar