Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1650797
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “MHG-nyň Ysraýyl hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, düýn Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Milli hopwpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň berilen jarnamada geçen aý Gazada gyrgynçylyk eden Ysraýylyň ýazgarylandygyny ýazýar. Jarnamda: “Harby jenaýat häsýetine eýe bolan Ysraýylyň hüjümleriniň gaýtalanmazlygy we Palestina meselesine adalatly, durnukly we giň gerimli çözgüt tapmak üçin halkara jemgyýetçiligine üstüne düşýän borjy gaýragoýulmasyz we içginlik bilen berjaý etmegi üçin çagyryş berilýär” diýilýär.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Çawuşoglunyň Ysraýyl hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn beren beýannamasynda; “Ysraýyl biziň bilen kadaly gatnaşyk etmegi üçin ýalňyş syýasatlardan el çekmeli” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Ministr Dönmez: Türkiýäniň energetika pudagyna 25 milliard ýewro maýa goýuldy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmezin Germaniýanyň energiýa firmalarynyň şärikleri bilen bilelikde Türkiýäniň energetika pudagyna 18 ýylda 25 milliard ýewro barabar maýa goýandygyny we 15 müňden gowrak iş ornuny açandygyny beýan edip: “Bu görkezijler nemes firmalarynyň we maýadarlaryň pudaga hem-de Türkiýäniň ykdysadyýetine bolan ynamyny görkezýär” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Maý aýyndaky eksport görkezijileri çap edildi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Mehmet Muşuň düýn beren beýannamasynda, Türkiýäniň maý aýyndaky eksport mukdarynyň geçen ýylyň degişli döwürne görä 65,5 göterim ýokarlap, 16,5 milliard dollara deň bolandygyny nygtap: “Bu görkeziji bilen ahli ýyllaryň maý aýyndaky ikinji rekordy goýduk” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Dünýä türk gudraty ÝUHU-lar hakda ýazýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň harby pudakda dünýä markasyna öwrülen ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary tehnologiýasynyň Şweýsariýada seljerilýändigini, ýurduň milli ýaýlym gullugy tarapyndan çap edilen analiz makalada, ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary dünýä derejesinde kanagatlanma döreden, Azerbaýjanda, Liwiýada we ýene-de ençeme ýerde ýeňişler gazanan türk tehnologiýasynyň günbatar döwletleri tarapyndan gudrat hökmünde häsýetlendirilýändigi nygtalýar.



Degişli Habarlar