Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1647219
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Erdogandan nebit buşlugy” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň täze nebit känleriniň tapylandygyny buşlandygyny ýazýar. Erdogan Garadeňizde 405 milliar m3 gazyň tapylmagyndan soň nebit gözleg işlerinden hem oňyn netije almaga başlandyklaryny nygtap “Diňe soňky 1 aýda 3 täze guýuda nebit tapdyk” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Ministr Çawuşogly: Ysraýyla degişli jogap berilmeli” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň Palestina oturluşygynda eden çykyşynda “Ysraýyla degişli jogabyň berilmelidigine” ünsi çekendigini belleýär.

“Star” gazeti, “Türkiýeden ÝB-ne anyk ýüzlenme” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, düýn beren beýannamasynda, iýun aýynda geçiriljek ÝB-niň liderler maslahatynyň iňňän möhümdigini nygtap “Maslahatda Türkiýe hakynda oňyň kararlaryň kabul edilmegine garaşýarys” diýdi.

“Watan” gazeti, “SIDA ilkinji atyşyny amala aşyrdy” söz başyly habarynda, Türk goranyş senagatynda iş alyp barýan firmalar tarapyndan öndürlen Ýaragly uçarmansyz deňiz ulagy SIDA-nyň düýn Egeý we Gündogar Ortaýer deňizinde geçirilýän “Deňiz Möjegi 2021” türgenleşiginde ilkinji atyşyny amala aşyrandygyny belleýär.

“Haber Türk” gazeti, “Egeýde syýahatçylyk möwsümi başlady” söz başyly habarynda, Egeý deňizinde ýerleşýän dynç alyş etrapçalarynda syýahatçylyk möwsüminiň başlandygyny ýazýar.

Egeý syýahatçylyk bileleşiginiň başlygynyň orunbasary Orhan Belge “Egeýe şu ýyl Germaniýadan, Gollandiýdan, Belgiýadan we Hytaýdan has köp syýahatçy geler” diýdi.

 



Degişli Habarlar