Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetlerde ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1637729
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdoganyň Palestina üçin telefon diplomatiýasy” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Palestinada edýän gumanitar jenaýatyň dünýäniň gün tertibiniň esasy maddalaryndan birine öwrülendigine garamazdan döwletleriň ýazgarma ýüzlenmelerinden aňyry geçmeýändigine ünsleri çekýär. Prezident R.T.Erdogan bolsa İýerusalimdäki we Gazadaky gyrgynçylygyň öňüni almak üçin tagalla girişip, İordaniýanyň Şasy Abdullah 2-nji, Kuweýdiň Emiri Şeýh Newwaf al-Ahmed el-Jabir as Sabah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

“Sabah” gazeti “Erdogan halkara jemgyýetçiligini herekete geçirdi” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunyň BMG-niň başda durmagynda halkara guramalarynyň we dünýä döwletleriniň ünsüni Ysraýylyň edýän döwlet terroryna çekmegiň hötdesinden gelendigini beýan edip; “Dünýäniň bu zuluma garşy üç maýmyn oýnamagyna mundan artyk synçy bolup galmarys. Palestinanyň garyş, garyş basylyp alynmagyna ýol bermeris” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “5 partiýa Ysraýyly ýazgardy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mejlisinde Adalat we ösüş, Respublikan halk partiýasynyň, Halklaryň demokratik partiýasynyň, Milletçi hereket we Gowy partiýanyň mejlisdäki toparlarynyň bilelikde jarnama kabul edip, Ysraýylyň Aksa metjidine guraýan hüjümlerini ýazgarandygyny mälim edýär. Jarnamada Ysraýylyň halkara hukuga bap gelmeýän çemeleşmelerine garşy halkara jemgyýetçiliginiň wagt ýitirmezden netijeli tagalla girişmegi üçin bütin dünýä çagyryş edilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Ysraýyla garşy ýek ýumruk boldy” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Palestina we Aksa metjidine guran hüjümlerine garşy türk halkynyň köçelere çykandygyny mälim edýär. Köp sanly şäherde müňlerçe adam Ysraýylyň polisiniň Aksa metjidinde palestinalylara hüjüm etmegine garşylyk görkezip, ellerinde türk we palesin baýraklary bilen ulag kerwenlerine münüp, Palestina goldaw berdiler.

“Star” gazeti “Liwiýada Türkiýe üçin uly pursat bar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Liwiýadaky İlçisi Kenan Ýylmazyň Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň kadaly dowam etjekdigini we Liwiýada türk işewürleriniň öňünde uly pursatlaryň bardygyny aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar