Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1633350
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Ak partiýanyň metbugat Sekretary Ömer Çelik Anastasiadise reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat Sekretsary Ömer Çeligiň Kipriň grek dolanşygynyň lideri Nikos Anastasiadiasiň Türkiýä garşy beýannamalary hakynda: “Türkiýe Respublikasyna, milletimize garşy eden sylaşyksyzlygyny bolşy ýaly yzyna gaýtarýarys” diýendigini ýazýar. Ömer Çelik düýn beren beýannamasynda; “Grek böleginiň ÝB-ni oýunjaga öwürmegi ÝB tarapyndan ykrar edilýän mesele bolsa, bu olara düşümli bolsun” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “DKTR-nyň Prezidenti Tatar grek lider Anastasiadise berk gaýtawul” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň, aprel aýynyň 27-29-y aralygynda Ženewada  geçirilen resmi däl 5+BMG maslahatynda hödürlän özygtyýarly iki döwletiň hyzmatdaşlygyna esaslanýan teklibini “tekepbirlik” hökmünde häsýetlendiren Kipriň grek dolanşygynyň lideri Nikos Anastasiadise “aýna seredip, tekepbiriň kimdigini görmegi” üçin çagyryş edendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Wolkan-M hereketli tank atyş tälimleri üstünlikli tamamlandy” söz başyly habarynda, Harby elekronika senagaty firmasy “ASELSAN-yň” “WOLKAN-M” atyş gözegçilik ulgamynyň synaglarynyň M60TM tanky bilen geçirilendigini mälim edýär. Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy İsmail Demiriň Twitter hasabyndan beren habarnamasynda Türk ýaragly güýçlerinin inwentaryndaky M60TM kysymly tanklaryň bir tarapdan modernisaziýasynyň, bir tarapdan hem ähli enjamlarynyň millileşdirilmegini üpjün edendiklerini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Esasy eksport awtoulag senagatynda boldy” söz başyly habarynda, awtoulag senagatynyň aprel aýynda 2,465,647 000 dollarlyk eksport bilen birinji orny eýeländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Aprel aýynda iň köp eksport edilen üç ýurt bolsa Germaniýa, ABŞ we Britaniýa boldy.

“Star” gazeti “Meşhur komediýaçy Erdogana hat ýazdy” söz başyly habarynda, fransuz komediýaçysy Dýodon Mbalanyň Prezident R.T.Erdogana hat ýazyp, syýasy başpena sorandygyna ünsleri çekýär. Mbala hatynda Ysraýylyň Palestinany koloniýalaşdyrmagyny ýazgarýan pýessasyndan soň 20 ýyldan bäri yzgiderli garalama, şantaža we çetleşdirmä sezewar edilýändigini ýazýar.



Degişli Habarlar