Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1631217
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: daşary ýurtlara garaşlyygymyzy ortadan aýyrarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 19 ýylyn dowamynda goranyş senagatyny ähli taraplaýyn ýokary tehnologiýa, ylmy-barlaga we kämilleşdirmäge esaslanýan ýerli önümçilik bilen güýçlendirmek üçin uly tagalla edýändiklerini, çekilen zähmetiň, goýberilen serişdeleriň netijelerini almaga başlandyklaryny nygtap: “İndi uçar bombalarymyzyň, ok-därilerimiziň, raketalarymyzyň we harby uçlarymyzyň partlaýyjylary üçin hiç kime garaşly bolmarys” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti: “Ersin Tatar: Özygtyýarlylygymyz boýunça diskussiýa etmeris” söz başyly habarynda, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň başlangyjy boýunça Kiprdäki taraplaryň we hemaýatkär ýurtlar Türkiýäniň, Gresiýanyň hem-de Britaniýanyň gatnaşmagynda 5+1 formatyndaky resmi däl maslahatyň öz işini tamamlandygyny mälim edýär. DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar ýurdunyň özygtyýarlylygyny diskussiýa etmejekdiklerini, ähli taraplaryň ony ykrar etmelidigini nygtap: “Hukuklarymyz üçin tagallamyz dowam eder” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär.

“Watan” gazeti “Stambul howa menzili ýylyň birinji 4 aýynda Ýewropada lider” söz başyly habarynda, Ýewropanyň awianawigasiýa howpsuzlygy guramasynyň görkezijilerine görä ýanwar aýynyň 1-i bilen aprel aýynyň 28-i aralygyndaky döwürde Stambul howa menziliniň 63,064 uçuş bilen Ýewropanyň iň köp uçuş edilen howa menzili bolandygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Germaniýanyn dynç alyş rezerwasiýalarynda Antalýa birinji orny eýeleýär” söz başyly habarynda, Antalýanyň Söwda-Senagat birleşmesiniň Başlygy Dawut Çetin Ýewopada koronawirusa garşy sanjymlama sanynyň artýandygyny, şeýlelikde tomus aýlarynda howa gatnawynyň ýygjamlaşmagyna garaşýandyklaryny beýan edendigine ünsleri çekýär. Çetin nemesleriň dynç alyş rezerwasiýalarynda Antalýanyň birinji orunda durýandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar