Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1625463
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Şwesiýanyn İlçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy” söz başyly habarynda, Şwesiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrligine çagyrylyp, Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Lindeniň terror toparlary bilen geçiren duşuşygyndan soň, Goranmak ministri Peter Haltkwistiň  terror ýolbaşçylary bilen wideokonferensiýa ulgamy arkaly duşuşyk geçirmeginiň berk ýazgarylandygyny ýazýar. Türkiýäniň terror guramalary DAİŞ we PKK garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini nygtaldy.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Dönmez: Gara deňiziň gazy 2023-nji ýyla ýetişer” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň düýn beren beýannamasynda, Gara deňiziň düýbünde tapylan tebigy gazyň birinji böleginiň 2023-nji ýyla ýetişmegi üçin işleriň depginli dowam edýandigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “2020-nji ýylyň çaga ilatynyň hasabatlary çap edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň 2020-nji ýylyň Hasabatlara görä çagalaryň görkezijilerini çap edip, ýurduň 83,614,362 ilatynyň 22,750,657-siniň çagalardan ybaratdygyna ünsleri çekýändigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türk Ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bes etdirdi! Hüjümleri bes etmek hakynda ylalaşmaly boldular” söz başyly habarynda, türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň söweşiň tebigatyny özgerdendigine ünsleri çekýän ispan gazetlerinden “El Periodikonyň” rus önümi raketa we howa goranyş ulgamlary bilen birlikde Siriýanyň hökümetine degişli ençeme tanky täsirsiz ýagdaýa getirendigini we Siriýada hüjümleriň bes edilmäge mejbur bolunandygyny ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Süleýman Atly Ýewropanyň göreş çempionatynda altyn medal aldy” söz başyly habarynda, Ýewropanyň göreş çempionatynda erkin göreşde 57 kilogram agramda bäsleşen Süleýman Atlynyň rus bäsdeşi Naçyn Monguşy ýeňip, altyn medalyň eýesi bolandygyny mälim edýär.

 



Degişli Habarlar