Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1620073
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: Liwiýa goldawymyz dowam eder” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda gol çekişilen ylalaşyklardan soň Liwiýanyň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen bilelikde beýannama berendigini ýazýar. Erdogan sözlän sözünde Liwiýa berilýän goldawyň dowam etjekdigini aýtdy we “Liwiýa bilen deňiz ygtyýar giňişlikleri boýunça gol çekişilen ylalaşyk 2 ýurduň milli bähbitlerini hem-de gelejegini kepillendirdi” diýdi.

“Watan” gazeti “Müsüriň Türkiýe hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukriniň ýurdunyň Türkiýe bilen iki tarap üçin hem bähbitli boljak dialogy we halkara hukuk kadalaryna laýyk gatnaşyklary ýola goýulmagyny isleýändigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň iň kuwwatly goşunlary saýlandy” söz başyly habarynda, her ýyl dünýä döwletleriniň harby güýçlerini ýakyndan öwrenip, global güýç sanawyny çap edýän merkezi ABŞ-da ýerleşýän “Global Firepoweryň” 2021-nji ýylyň güýç sanawyny dünýäniň dykgatyna ýetirendigini mälim edýar. Esasanda soňky ýyllarda öndüren UHU/ÝUHU (Uçarmansyz howa ulagy/Ýaragly uçarmansyz howa ulagy” tehnologiýasy bilen dünýäniň belli ýurtlarynyň hataryna goşulan Türk ýaragly güýçleri 11-nji orny eýeledi.

“Hürriýet” gazeti “Hüržet gurnaýyş işlerine taýarlanýar” söz başyly habarynda, “Türk awiasiýa we kosmos senagaty A.Ş” firmasynyň esasy dizaýnynyň tamamlanmagy bilen ýerli reaktiw tälim uçary “Hüržet” üçin enjamlaryň öndürilmegine başlandygyny ýazýar. Ýylyň ahyrynda bolsa gurnama işleriniň başlanmagy meýilleşdirilýär.

“Star” gazeti “THÝ Ýewropada liderligi elden bermedi” söz başyly habarynda, Ýewropanyň awianawigasiýa howpsyzlygy guramasynyň aprel aýynyň 4-11-i aralygyndaky uçuş gatnawyna görä Türk howaýollarynyň günde ortaça 779 uçuş bilen ýewropaly bäsdeşlerinden öňe geçendigini ýazýar.



Degişli Habarlar