Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlede giň beýan tapýar

1615491
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdoganyň Montr beýannamasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 1936-njy ýylda kabul edilen Bogazlar hakyndaky Montr şertnamasynyň Türkiýä döreden mümkinçilikleriniň möhümdigini, has amatlysy üçin şert döreýänçä şertnama bolan tabynlyklaryny dowam etdirjekdiklerini aýdandygyny ýazýar. Erdogan gelejekde gerek bolan halatynda ýurdy has amatly şertlere ýetirmek üçin ähli şertnamany seljermekden çetde durmajakdyklaryny beýan etdi.

“Star” gazeti “Erdogan iki lider bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan Kosowada prezidentlige saulanan Wýoso Osmani-Sadriu bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, ony gutlandygyny ýazýar. Türk jemagatynyň täze hökümetiň gurulmagyndaky we prezident saýlawyndaky oňyn pozisiýasyna ünsi çeken Erdogan, iki ýurduň arasyndaky taryhy dostlugyň we doganlyk gatnaşyklarynyň täze döwürde-de ösjekdigine ynanýandygyny aýtdy. Erdoganyň Kataryň Emiri Al Sani bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa özara we sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşyldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Russiýa bilen älem giňişligi boýunça şertnama baglaşyp biler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Kosmos gullugynyň Başlygy Hüseýin Ýyldyrym Russiýa bilen älem giňişligi boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şertnama ýakyn gelejekde gol çekişilip bilinjekdigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Ýyldyrym: “Milli maksatlarymyza laýyklykda kesgitlenen ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyk edýäris. Russiýa bilen birlikde ençeme ýurt bien hyzmatdaşlyk boýunça işleşýäris we golaýda ylalaşyga gol çekişmegi meýilleşdirýärs” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda täze hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda, şahsyýet resminamasy bilen syýahat etmek hakyndaky düzgünnamanyň güýje girmegi netijesinde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda ýene-de bir şertnamanyň iş ýüzüne geçirilýändigini mälim edýär. Gol çekişilen teswirnama laýyklykda saglygy goraýyş pudagynyň başda durmagynda syýahatçylyk boýunça hem bilelikdäki platforma dörediler. Ylalaşyga laýyklykda iki ýurduň arasyndaky syýahatçy sany hem artar.

“Sabah” gazeti “ÝUHU-lardan soň nobatda uçarmansyz harby uçar bar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň serhetaşa geçirýän operasiýalarynda uly rol oýnaýan, soňky gezek Azerbaýjanyň Daglyk Garabagda gazanan ýeňişinde Ermenistanyň goşunlaryna agyr zarba uran türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny oýlap tapan Selçuk Baýraktaryň uçarmansyz harby uçarlaryň öndürilmegi üçin iş alyp barýandyklaryny aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar